Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýene-de abat köçe, monument sökülýär


Aşgabatda alnyp barylýan ýol gurluşygy.
Aşgabatda alnyp barylýan ýol gurluşygy.

Aşgabatda abatlaýyş işleri geçirilip, mundan alty aý öň doly ulanyşa berlen köçäniň bir bölegi we bu ýerde bina edilen monument sökülýär.

Geçen hepdäniň ortalaryna paýtagtyň Andalyp köçesi bilen “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň çatrygy dört tarapdan ýapyldy. Häzirki wagtda bu ýere düşelen asfalt ýol we bina edilen uly monument doly sökülip aýrylýar. Bu söküşlik “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň Andalyp köçesi bilen çatrygyndan günbatar tarapyny hem öz içine alýar.

“Häzirki wagtda mundan 5-6 aý ozal bina edilen monumenti söküp gutaryp barýarlar. Häzirki sökülip durlan monumentden orta hasap bilen 15-20 metr günbatarynda ‘10 ýyl abadançylyk’ köçesini gazmak, onuň gyralaryna oturdylan jähekleri, ýagny bardýurlary aýyrmak hem-de ýüzüniň asfaltyny goparmak ýaly işler bilen 4-5 sany tehnika meşgul bolýar. Häzirki wagt şotaýda umumy hasap bilen ona ýakyn dürli görnüşli tehnika hem-de 50 töweregi işçi bar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, Andalyp we “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň gürrüňi edilýän bölekleri üç ýyla golaý wagt dowam eden abatlaýyş işlerinden soň, 2016-njy ýylyň tomus paslynda gaýtadan ulanyşa berlipdi.

Sebäpleri

Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri dabaraly ýagdaýda açylan bu kö agzalýan böleginiň we bu ýerde bina edilen monumentiň näme sebäpden sökülýändigi barada ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş bermeýärler.

Emma gürrüňi edilýän köçelerde gurluşyk işlerini alyp baran Türkiýäniň “NATA” firmasynyň käbir işgärleriniň we inženerleriniň aýtmagyna görä, munuň sebäbi ýoluň taslamasynda göz öňünde tutulan käbir desgalaryň doly amala aşyrylmandygy bilen baglanyşykly.

Aýdylmagyna görä, Andalyp köçesiniň beýleki çatryklarynda awtoulaglaryň gatnamagy üçin ýörite geçelgeler, estakadalar gurlupdy. Şeýle estakadany Andalyp köçesi bilen “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň çatrygynda-da gurmak göz öňünde tutulan bolsa-da, bu durmuşa geçirilmändir.

“Andalyp köçesinden demirgazykdan-günorta, günortadan-demirgazyga hereket edýän awtoulaglar birnäçe ýerasty estakadalardan geçýärdi. Aýtmaklaryna görä, Andalyp köçesi bilen ‘10 ýyl abadançylyk’ köçesinde-de şeýle estakada gurulmaly eken. Ýöne belli bir sebäplere görä, onuň sebäbini düşündirýän adam ýok, estakada gurulman köçe açylypdy. Indi şol ýerde estakada guruljakmyşyn. ’10 ýyl abadançylyk’ köçesiniň-de agzalýan bölegi proýektde göz öňünde tutulandan dar görnüşde abatlanypdyr. Indi ol köçe-de täzeden giňeldiljekmişin” diýip, synçy Bugaýew bu ýerde gurluşyk işlerini alyp baran firmanyň inženerlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Goýberilýän maliýe serişdeleri

Ýeri gelende bellesek, paýtagtlylaryň ençemesi köçäniň gaýtadan ýapylmagy sebäpli awtobuslaryň marşrut gatnawlarynyň üýtgändigini we bu barada resmi metbugatda öňünden hiç hili maglumat berilmeýändigini aýdyp, öz nägileligini bildirýär.

Galyberse-de, abatlaýyş işleri üçin millionlarça amerikan dollarynyň sarp edilendigi aýdylýan bu köçeleriň we monumentiň sökülmegi hem-de olary gaýtadan gurmak üçin goşmaça näçe möçberde maliýe serişdesiniň harçlanjakdygy barada resmi maglumat berilmeýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda abat binalaryň ýa-da desgalaryň ençemesi sökülip, olaryň deregine goşmaça maliýe serişdesi goýberilip täzeleri gurulýar.

Mundan 1 ýyl öň Aşgabadyň halkara aeroprotuna barýan ýoldaky estakada doly taýyn bolansoň, onuň gurluşygyna resmiler tarapyndan nägilelik bildirilipdi. Munuň netijesinde, bu estakada ýumruldy we ol goşmaça maliýe serişdesi sarp edilip, täzeden guruldy.

XS
SM
MD
LG