Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk resmileri Reina hüjümçisiniň tutulandygyny aýdýarlar


Özbek raýaty Abdulkadyr Maşaripow. Onuň Reina klubynda 39 adamy atyp öldüren hüjümçi bolandygy çaklanylýar.
Özbek raýaty Abdulkadyr Maşaripow. Onuň Reina klubynda 39 adamy atyp öldüren hüjümçi bolandygy çaklanylýar.

Reinada 39 adamy atyp öldürendigi çaklanýanyň bolýan ýerini anyklan türk howpsuzlyk güýçleri, 3 günläp operasiýa taýýarlyk görýär.

Ýönekeý eşikli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri düýn 16-njy fewralda gije sagat 23:40-da hüjümçidigi öýdülýäniň bolýan öýüne girýärler. Howpsuzlyk işgärleri bilen aýyplanýanyň we ýaranlarynyň arasynda 20 minutap göreş bolýar.

Muny subut edýän metbugatdaky suratlarda tussag edileniň ýüzünde gögeren, çişen ýerleri we gan yzlary görünýär. Operasiýada Abdulkadyr Maşaripow bilen yrakly ýene bir adam ele salynýar. Şol bir wagtyň özünde geçirilen birnäçe operasiýalarda jemi 50 adam göz astyna alynýar. Maşaripow Owganystanda we Pakistanda 2 ýyl tälim alypdyr. Soň Eýranyň üsti bilen Türkiýä bikanun ýoldan gelipdir.

Türkiýäniň premýer ministri Binali Ýyldyrym 17-nji ýanwar güni Ankarada metbugat işgärlerine Reina hüjümçisi asly täjik, Özbegistanyň raýaty Abdulkadyr Maşaripowyň ele salnandygyny tassyklap beýannama berdi.

Premýer-ministr: "Täze ýyl gijesi bir gijeki kluba hüjüm edip, 39 adamyň ganyna galan düýn 16-njy ýanwarda gije gurnalan operasiýada Stambulda ele salyndy we şu wagt sorag edilýär. Anyklanmaly zat gaty köp. Derňew işi dowam edýär we degişli ýolbaşçylar wagty gelende gerek bolan maglumaty halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirer" diýdi.

Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda gije sagat 01:15 töwereginde Stambulyň Ortaköý diýen ýerinde ýerleşýän bir gijeki kluba terrorçylykly hüjüm gurnaldy we onda 39 adam aradan çykdy. Pidalaryň arasynda sekiz ýurduň raýatlary bardy.

Hüjümiň jogapkärçiligini YD topary öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG