Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda türmede ýogalan generalyň maşgalasyna basyş edilýär


Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň öňki baştutany, general-maýor Tirkiş Tyrmyýew
Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň öňki baştutany, general-maýor Tirkiş Tyrmyýew

Türkmen häkimiýetleri 13-nji ýanwarda türmede ýogalan general Tirkiş Tyrmyýewiň maşgalasyna onuň ölümi hakynda maglumaty ýaýratmakda aýyplap, basyş görkezýärler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri Tyrmyýewiň Türkmenistanda ýaşaýan aýalyna we iki çagaly gyzyna onuň ýogalandygy barada habar serişdelerinde maglumatlaryň çap bolmagy sebäpli basyş edýändigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň öňki baştutany, 15 ýyldan soň türmede ýogalan Tirkiş Tyrmyýewiň jesedini 13-nji ýanwarda maşgalasyna tabşyrypdy.

Tyrmyýew 2002-nji ýylyň aprel aýynda tussag edilipdi, şo ýylyň 7-nji maýynda sud edilip, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma ol on ýyldan soň hem azatlyga çykmady, türme goragçysyna hüjüm etmekde aýyplanyp, oňa ýene goşmaça ýyl kesilipdi.

Tyrmyýew Türkmenistanda tussag edilensoň, ykbaly barada hatda hiç hili maglumat berilmedik tanymal öňki döwlet resmileriniň biridi.

Tyrmyýewiň ady Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbaly barada maglumat toplaýan “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň düzen we 80-den gowrak adamy öz içine alýan sanawynda görkezilýär.

Türkmen häkimiýetleri türkmen türmelerinde ýiten hasaplanylýan tussaglaryň ýene ikisiniň jesedini geçen ýylda maşgalalaryna tabşyrylypdy.

2016-njy ýylyň fewral aýynda Annadurdy Annasähedowyň, awgust aýynda bolsa Wekil Durdyýewiň jesetleri garyndaşlaryna jaýlamaga beripdi.

Olaryň maşgalalaryndan türmede ýogalan hossarlarynyň ölendigi barada köpçülige maglumat bermezligiň talap edilendigini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri habar beripdi.

“Olary diri görkeziň!” atly kampaniýasynyň guramaçysy Ýuriý Jibladze türkmen häkimiýetleriniň türmede ýogalan öňki resmileriň ölümi barada maglumatyň köpçülige mälim bolmazlygy ugrunda edýän hereketlerini Türkmenistanyň ýurtda syýasy tussaglaryň bardygyny we ýurt raýatlarynyň türmelerde ýitirim edilýändigini döwlet derejesinde boýun alman gelmegi bilen baglanyşdyrýar.

“Gorkuzmak we gorkyny tutaşdyrmak - ähli diktaturalaryň esasy guralydyr. Türkmen häkimiýetleri halkara jemgyýetçiligi bilen alyp barýan dialogynda, öz türmelerinde adamlaryň zor bilen ýitirim edilýändigini ýyllarboýy boýun alman gelýärler. Sebäbi bu praktika ýurduň öz kanunlaryna we halkara normalaryna ters gelýän hereket. Şonuň üçin türkmen häkimiýetleri ýitirim edilen adamlaryň ölümi baradaky habaryň ýaýramagyna, aýratynam, munuň ýetip gelýän prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda peýda bolmagyna öz abraýyna zyýan hökmünde seredýän bolmagy mümkin” diýip, Ýuriý Jibladze Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Jemgyýetçilik raýdaşlygy atly halkara guramasynyň (Civic Solidarity) websaýtynda Tirkiş Tyrmyýewiň türmede ýogalmagyna degişli çap edilen maglumatda "Türkmenistanda syýasy tussaglara degişli ýagdaýyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyssagly hereketleri talap edýär" diýlip bellendi.

XS
SM
MD
LG