Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp özgerişi we Obamanyň gazananlaryny ýatyrmagy wada berýär


ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, Waşington, 19-njy ýanwar, 2017.
ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, Waşington, 19-njy ýanwar, 2017.

20-nji ýanwarda prezident wezipesine geçmek boýunça geçiriljek inaugurasiýa dabarasyna gatnaşmak üçin Waşingtona baran ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp bölünen diýip atlandyran ýurda bütewüligi we özgerişlikleri getirmegi wada berdi.

"Biz öz ýurdumyzy birleşdireris” diýip, Tramp 19-njy ýanwarda Waşingtonyň Linkoln ýadygärliginiň öňünde jemlenen müňlerçe adamyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

"Biz ýurdumyz üçin köp-köp onýyllyklaryň dowamynda edilmedik zatlary ederis” diýip Tramp aýtdy.

Waşingtonyň merkezinde Trampyň inaugurasiýa dabarasynyň dowamynda ýüzlerçe müň adamyň oňa goldaw ýa-da protest bildirmegine garaşylýar.

Trampyň geňeşçileri onuň wezipedäki ilkinji sagatlarynyň Barak Obamanyň gazananlaryny yza gaýtarmak boýunça birnäçe berk çäreler bilen alamatlandyryljakdygyny aýdyp, Obamanyň howanyň üýtgemegine degişli syýasatyny, immigrasiýany ýeňilleşdirmek we energiýanyň ösüşini çäklendirmek ýaly çärelerini agzadylar.

XS
SM
MD
LG