Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow awtobuslary we taksileri synag etdi


Prezident Berdimuhamedow awtobusy synag edýär.
Prezident Berdimuhamedow awtobusy synag edýär.

Türkmen mediasy şu günler Aşgabatda, ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara hyzmat etmek üçin saýlanyp alnan awtomobilleriň birnäçe görnüşiniň synagdan geçirilýändigini habar berýär.

Türkmen telewideniýesi anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa bu maksat üçin saýlanan awtobuslaryň we taksileriň nusgalarynyň görkezilişini görkezdi.

Prezident bu awtobuslaryň we ýeňil maşynlaryň hersinden birine münüp, olary elin synag etdi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG