Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada Siriýa boýunça gepleşikler geçýär


23-nji ýanwarda başlanan iki günlük maslahata hem Siriýa hökümetiniň hem-de oppozisiýanyň wekilleri gatnaşýarlar.
23-nji ýanwarda başlanan iki günlük maslahata hem Siriýa hökümetiniň hem-de oppozisiýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Gazagystanyň paýtagty Astanada Siriýada barýan graždanlyk urşunda atyşyklary bes etmek boýunça gelnen ylalaşygy berkitmäge gönükdirilen gepleşiklere başlandy.

23-nji ýanwarda başlanan iki günlük maslahata hem Siriýa hökümetiniň hem-de oppozisiýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň tagallasy bilen ýola goýlan gepleşiklere Birleşen Ştatlaryň Gazagystandaky ilçisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Minstura tarapyndan gözegçilik edilýär.

Maslahatyň açylyşynda Gazagystanyň daşary işleri ministri Kaýrat Abdrahmanow tarapyndan okalan beýannamda ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Astana duşuşygy “Siriýa krizisine ýaramly çözgüt tapmak boýunça ähli degişli taraplara zerur şertleri döreder” diýip, umyt bilidirdi.

Başlangyç duşuşyga Siriýanyň iki wekiliýetiniň biri-biriniň ýanynda oturyp-oturmajakdygy näbellidigini üçin gijeňräk başlandy. Orsýetiň habar gullugy “Interfaks” ady agzalmadyk bir çeşmä salgylanyp, Siriýa hökümetiniň delegasiýasynyň Eýranyň wekilleriniň, oppozisiýanyň delegasiýasynyň hem Türkiýäniň wekilleriniň ýanynda oturandygyny bildirdi.

Gepleşiklerden esasy maksat atyşyklary bes etmek boýunça dekabrda gelnen ylalaşygy pugtalandyryp, konfliktiň çözgüdi üçin Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Ženewada alnyp barylýan prosesi ilerletmek. Ženewada geçmeli indiki gepleşikler 8-nji fewrala planlaşdyryldy.

Orsýet bilen Türkiýe gampa-garşy taraplara arka durýarlar. Moskwa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady, Türkiýe hem ony häkimiýet başyndan çetleşdirmäg synanyşýan gozgalaňçylary goldaýar.

Alty ýyl bäri barýan graždanlyk urşunyň tutuş dowamynda Moskwa Assady diplomatik hem harby taýdan goldap geldi. 2015-nji ýylyň sentýabrynda Orsýet howa zarbalary bilen kömek bermedik bolsa, Assadyň hökümetiniň ýeňilmegi hem mümkindi.

Assad häkimiýet başynda galmalyny ýa gitmelimi, Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda bu barada birlik ýok. Ýöne 20-nji ýanwarda Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasar Mehmet Şimşek “Assadsyz çözgüt diýip aýak diräp durmak” indi Türkiýe uçin bir realistik zat däl diýdi.

Gepleşikler Siriýa hökümetiniň pozisiýasynyň güýçli mahaly bolýar. Ol dekabarda Orsýetiň goldamagy bilen Alepponyň gündogar bölegini gozgalaňçylarda yzyna aldy.

Siriýanyň oppozision ýolbaşçylary gepleşiklerden esasy maksat Assadyň geljegi däl, atyşyklary bes etmek boýunça häzirki ylalaşygy pugtalandyrmak diýýärler.

“Bu etapda biziň bir maksadymyz bar. Ol hem atyşyklary bes etmegi pugtalandyrmak. Biziň bu ýere gelmegimizň sebäbi şol” diýip, dürli toparlary öz içine alýan Erkin Siriýa goşunynyň sözçüsi Osama Abu Zaid “Al-Jazeera” telekanalyna aýtdy.

Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň wekilleri gol çekilmegi mümkin ylalaşygyň taslamasy taýýarlamak üçin 22-nji ýanwarda duşuşdylar.

2011-nji ýylda Siriýada demokratiýa ugrunda turan protestleri hökümetiň adamlary basyp ýatyrmagyndan soňra başlan graždanlyk urşunda 300 müňden agdyk adam ölüp, ýurduň ilatynyň takmynan ýarysy öý-owzaryndan jyda düşdi.

XS
SM
MD
LG