Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtda ýaşaýyş jaýlary ýene ýumrulýar


Ýykylan jaý
Ýykylan jaý

Aşgabadyň “8-nji mart” atlandyrylýan raýonynda ýerleşýän Ýolöten, Gowurdak, Ospenko köçelerinde we bu köçelere degişli proýezdlerde ýüzden gowak ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp başlandy.

Gyşyň ýagynly we sowuk howaly günlerinde jaýlary ýumrulýan ýaşaýjylar öz jaýlarynyň gurluşyk materiallaryny deger-degmez bahasyna satyp, goş-golamyndan hem käbir zatlary pes bahadan satyp ýa-da taşlap göçýändiklerini aýdýarlar.

“Jaýyň gurluşyk materiallaryny özüňe söküp almaga wagtam berenoklar. Häkimligiň işgärleri duýduryş hatyny berdikleri üstüňi alyp durlar. Ýagynly-sowuk howada goşuňy toplajak bolsaňam ýarpy goş-golamyň ýagyna galyp zaýa bolsa, gurluşyk materiallaryňy hem arkaýyn söküp alyp bolanok. Eýýäm gapdalyňdan tehnikalar direnişip dur. Sähel haýal-ýagallyk etseň, jaýyňy tehnika bilen tekizläp goýbermegi hiç zatça görmeýärler" diýip, jaýy ýumrulýan Bekdurdy aga aýdýar.

Ol sözüniň dowam etdirip: "Gyşyň güni ozalkylar ýaly, welaýatlardan gelýän alyjylaram azalýar. Aslynda ozalkylar ýaly 1000-2000 dollar baha kesip, jaýyňy söküp, onuň gurluşyk materiallaryny almaga höwesek alyjam ýok diýen ýaly. Ozal birki müň dollar berip, jaýlary gurluşyk materiallary üçin satyn alýan alyjylar indi iki-üç manat baha kesýärler. Alaçsyz razylaşyp bermeli bolýarsyň. Şeýle söwda razy bolmasaň, ondanam galýarsyň. Bu ýerde häkimligiň işgärleri gönenýärler. Jaýyňy gurluşyk materialy üçin satyn alýan adamlaram häkimligiň işgärleri bilen arkalaşykly adamlar” diýdi.

Jaýlary ýumrulýan ýaşaýjylara Parahat - 7 kiçi etrapçasyndan hem-de Köşi massiwinde gurulýan jaýlardan kwartira hödür edilýär.

Köşüden jaý almak isleýänleriň jaýlary ýumrulansoň, bir – bir ýarym ýyl jaýa garaşmaly bolýandyklary, ol jaýlar ýetişýänçä kireýine jaýlarda ýa dogan-garyndaşlarynyň öýlerinde ýaşamaly bolýandyklary barada maglumatlar bar.

“Türkmenler ‘iki göç – bir talaň’ diýip, dogry aýdypdyrlar. Bir göçeniňde ýarpy goşuň zaýa bolýar. Gap-gaç hem mebeller döwlüp ýenjilýär. Köşüden jaý aljak bolup, goşuňy iki gezek göçürseň, öý goşuňdan deregem galanok. Şol sebäpli Parahat -7-den jaý almaga razylyk berdik” diýip, elli ýaşly Altynaý daýza gürrüň berýär.

Onuň sözüne görä, olara berlen jaý hem ulanyşa doly taýyn däl. “Entek jaýy ýylatmaly kotelnýa hem gurulmandyr. Sowuk howada ilki bilen tok peçlerini satyn alyp, jaýy birneme ýyladyp, soňra goşumyzy çekip başladyk” diýip, Altynaý daýza aýdýar.

Jaýlar ulanyşa doly taýyn bolmasa-da, ilatyň zorluk bilen göçürilýändigi, hususyýetdäki ýaşaýyş jaýlarda maşgala sanyň näçedigine seretmezden, inwentar delodaky ýazylan meýdana görä öý berilýändigi, iki-üç maşgalalaryň dört ýa üç otagly kwartiralara göçürilip, maşgala oňşuksyzlygynyň artýandygy, bu meselelerde arzy-halyňy hiç ýere diňledip bolmaýandygy, eger jaýyň dokumentinde sähel näsazlyk tapylsa, asla jaýsyz galýandygyň barada hem maglumatlar ýeterlik.

XS
SM
MD
LG