Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejbury abuna ýazdyrylan gazetler gijigip geldi


Türkmenistanyň gazetleri
Türkmenistanyň gazetleri

Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 2017-nji ýyl üçin abuna ýazylan gazetdir žurnallaryň tas üç hepde gijigip we kem ýagdaýda gelendigi dogrusynda maglumatlar gowuşýar.

“Geçen dekabryň 30-na gelmeli gazetler şu aýyň 20-ne gowuşdy. Mejbury ýazdyran üç gazetleriniň biri asla-da ýok” diýip, özüni Juma diýip tanyşdyran Köneürgenjiň 19-njy mekdebiniň mugallymlarynyň biri gürrüň berdi.

Juma mugallymyň-da nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda döwlet işgärlerinden we talyplardan ýurtda çap edilýän gazetdir žurnallara abunaçy bolmak mejbury talap edilýändigi dogrusynda köp sanly maglumatlar gowuşýar.

Ýurduň welaýatlary bilen birlikde, Aşgabatda-da metbugat abunaçylara üç hepde töweregi gijigip gowuşdy. Paýtagtyň mekdepleriniň biriniň mugallymasy 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin “Mugallymlar gazeti”, “Türkmen dili” gazetlerine we “Zenan kalby” žurnalyna mejbury ýagdaýda ýazylmaly bolandygyny gürrüň berdi.

“Abuna ýazdyk. Puly aýlygyňyzdan tutulyp galynar” diýip, bizi diňe habardar etdiler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli öz adyny Şemşat diýip üýtgeden mugallyma gürrüň berdi.

Ýurt raýatlarynyň Azatlyk Radiosyna berýän gürrüňlerinden çen tutulsa, zähmet çekýän edarasyna görä işgärlerden her ýarym ýyl abuna üçin, 70-120 manat aralygynda pul serişdeleri tutulyp galynýar.

Şol bir wagtda, gazetdir žurnallaryň gijikdirilmeginiň takyk sebäplerini anyklamak başartmady. Şemşat mugallyma ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmak üçin, Metbugat öýüne we poçta edaralaryna ýüz tutsa-da, bularyň günäni birek-biregine atmak bilen çäklenýändigini aýtdy. Azatlyk Radiosyna hem bu ady agzalan guramalardan nähilidir bir düşündiriş almak başartmady.

Türkmenistanda 37 gazetiň we 27 žurnalyň çap edilýändigi maglumat berilýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalary Türkmenistanda medianyň hökümetiň berk gözegçiliginde saklaýandygyny aýdyp, Türkmenistany metbugat azatlygy boýunça hasabatlarynda iň soňky orunlarda ýerleşdirip gelýärler.

XS
SM
MD
LG