Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siz prezidentlik saýlawyna gatnaşmakçymy?


Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy
Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy

Mälim bolşyna görä, Türkiýe Türkmenistanyň raýatlarynyň aglaba köpçülikde işleýän we bilim alýan esasy ýurtlarynyň başyny çekýär.

Golaýda türk metbugatynda türkmenistanly raýatlaryň Ankaradaki ilçihanada prezidentlik saýlawlary üçin ses berip biljekdigi barasynda habar ýaýrady.

Eýsem Türkiýedäki türkmen migrantlary we studentleri Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawy barasynda nähili pikirde? Olar Türkiýede prezidentlik saýlawy üçin ses bermekçimi? Daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlary we galyberse-de dünýä türkmenleri geçiriljek prezidentlik saýlawyndan nämä garaşýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň prezidentlik saýlawy barasyndaky garaýyşlaryna we taýýarlyklaryna gönükdirýär.

Şeýle esasda taýýarlanjak gepleşige gatnaşyp, öz tejribelerini we pikirdir garaýyşlaryny dünýä türkmenleri bilen paýlaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler.

Şeýle-de, bu temadaky teswirleriňizi aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz:

XS
SM
MD
LG