Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy Olimpiýa prinsiplerine ters gelýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna gorülýän taýýarlyklara degişli sport çäresinde, Aşgabat, 5-nji maý, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna gorülýän taýýarlyklara degişli sport çäresinde, Aşgabat, 5-nji maý, 2016.

“Human Rights Watch” guramasy Aşgabadyň “Aziýa-2017” oýunlaryna taýýarlyk görýän pursady, türkmen hökümetiniň azat sözi we adam mertebesini depelemegi Olimpiýa hartiýasynyň prinsiplerine doly ters gelýändigini, şeýle-de munuň Olimpiýa hereketiniň imidžine ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini aýtdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama Halkara olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Baha we Aziýanyň Olimpik geňeşiniň we milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň prezidenti Şeýh Ahmad al-Fahal al-Sabaha aýratynlykda ýörite hat ýollap, onda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga, şol sanda Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçylarynyň azat edilmegine täsir etmäge çagyrdy.

“Human Rights Watch” guramasynyň Aziýanyň Olimpik geňeşiniň we milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň prezidentine ýollan hatynda, hususan-da türkmen häkimiýetleriniň azat media bolan gatnaşygynyň Olimpiýa hartiýasynyň garaýyşyna doly çapraz gelýändigini aýtdy.

“[Türkmen] häkimiýetleri azat sözi haýbat atmalar, yzarlamalar we türme tussaglygy bilen ýowuz çäklendirýärler” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň hatynda bellenilýär. Gurama hususan-da Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň yzygiderli yzarlanmalara sezewar edilýändigini, soňky iki ýylyň içinde iki žurnalistiň: Saparmämmet Nepesgulyýewiň we Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilendigini hem ýatladyp geçýär.

Şeýle-de, “Human Rights Watch” guramasy Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň türkmen häkimiýetleriniň “Aziýada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde adamlaryň jaýlaryny birtaraplaýyn görnüşde, öwezine hiç hili kompensasiýa berilmän ýykýandygy baradaky ýagdaýlary-da derňemäge çagyrýar.

Gurama özünde bar bolan maglumatlara salgylanyp, Aşgabatda we paýtagtyň eteginde onlarça jaýyň – suduň hiç hili karary bolmazdan – konfeskasiýa edilip, soňy bilen-de ýer-ýegsan edilendigini aýdýar. “Human Rights Watch” jaý eýelerine emlägi üçin hiç hili kompensasiýanyň hem berilmändigini nygtap geçýär.

Galyberse-de, “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistanyň Aziada oýunlaryny ýurtdaky adam hukuklarynyň depelenmeginiň perdesi hökmünde ulanyp biljekdigini çaklaýar.

Hatyň ahyrynda Gurama Aşgabatda sentýabrda geçiriljek oýunlara çenli Türkmenistandaky repressiýalary gowşadyp bilmek üçin ýene wagtyň bardygyny aýdyp, türkmen häkimiýetlerine:

- Žurnalistler Saparmämmet Nepesgulyýewiň we Hudaýberdi Allaşowyň dessine, hiç hili şert goýulmazdan azat edilmegi; Soltan Açylowa we beýleki garaşsyz habarçylara basyşlaryň togtadylmagy;

- Jaýlaryndan zor bilen çykarylanlara talabalaýyk kompensasiýalaryň berilmegi ýaly rekomendasiýalary berýär.

“Human Rights Watch” guramasy Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidentine ýollan aýratyn hatynda-da ýokarky ýagdaýlary belläp geçip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Türkmenistandaky adam hukuklarynyň pajygaly ýagdaýlarynyň Olimpiýa hereketine kölege salmazlygy üçin tagalla etmäge ýene wagtynyň bardygyny nygtap geçdi.

XS
SM
MD
LG