Buddistler we milliarderler

Buddistler we milliarderler

Suratlar we tekst Amos Çappliňki

Makalany oka

Russiýanyň Ural daglaryndaky bir buddist jemgyýet 21 ýyl bäri dagyň depesinde üzňelikde ýaşaýar. Owgan söweşine gatnaşan weteranynyň ýolbaşçylygyndaky bu jemgyýet özlerine buthana döredipdirler. Ýöne bu ýeriň Russiýanyň iň güýçli oligarhlarynyň birine degişli firmanyňkydygy aýdylýar. Birnäçe ýyl gijikdirmelerden soňra, bu toplumyň göçürilmegi hakynda belli bir gün bellenildi. Wakany öwrenmek üçin Azatlyk Radiosyndan Amos Çappl (Amos Chapple) ybadathana aýlandy.

7 kilometre çenli uzap gidýän bu tokaý ýodajygy, 888 metr beýiklikdäki Kaçkanar dagynyň depesindäki ybadathana barýar. Bu sanki topary azyk toplamak üçin ýola düşýär.

Bu “Om mane padne hum” diýlip ýazylan sanskrit ýazgysy, budda ybadathanasynyň golaýdygyny bildirýär.

Buddist öwrenjeler ybadathana sokusyna (stupasyna) ýa-da mawzoleýe çokunýarlar. Ilkibaşda diňe tagta külbe halatynda bolan bu ýerler Budda heýkeli, ýaşaýyş ýerleri, umumy aşhana we sauna bilen ýaşaýyş toplum halyna gelipdir. Buthana “tälim beriş we amala aşyrylýan ýer” diýmegi aňladýan, “Shad Tchup Ling” diýlen at berlipdir.

Ozalky esger buddist ruhanysy Mihail Sannikow buthanany 1995-nji ýylda esaslandyrdy. 55 ýaşly baş ruhanysy Sowet goşunynyň 1979 -1989-njy ýyllar aralygyndaky Owganystan söweşinde komandir hökmünde agyr hereketleri amala aşyrypdyr. “Lama Dokshit” derejesini alan Sannikowyň aýtmagyna görä, 1987-nji ýyldaky iki söweşde “iki ok, bir pyçak we şrapnel bölegi” zerarly ýaralanmagyndan soňra goşundan aýrylypdyr. Uruş onuň birnäçe ýyl aňyndan çykmady. “Käte durmuşyň adaty halatlarynda hem gabat gelýär. Uruşly filmlere tomaşa edip otyrkam näçe okuň galanyny sanap başlaýan. Beýle ýagdaýlarda gije ýatmak kyn düşýär”.

Sannikowyň (ortada) Şad Tçup Ling ybadathanasynyň irki günlerinde meditasiýa sapagy geçip duran wagty.

Mihail Sannikowyň arhiwinden

Gullukdan soňra Sannikow ýönekeýje işlerde işledi we özüne bir maksat gözledi. Ol Russiýanyň Burýatiýa sebitinde alty ýyl buddizmi okady. Sannikowyň aýtmagyna görä, onuň okan döwründe buddizme ýurduň diňe gündogarynda amal edilýärdi. “Bu maňa täsin göründi, men halypama Russiýanyň orta sebitinde hem gowy adamlaryň bardygyny aýtdym. Halypam hem beýle bolsa meniň ol ýere gidip biljegimi aýtdy. Ol maňa dagyň şekilini çyzandan soňra meniň gitmeli ýerimi bellidi”.

Sannikowyň ünsden düşüren zady, şemalyň sowrup durýan dag depesiniň düýbündäki mis magdanydy.

2000-nji ýyllaryň başynda buthana täze başlanan wagty.

Mihail Sannikowyň arhiwinden

Ybadathananyň häzirki ýaşalýan ýeri. Alty metr aýna süýümi bilen ýasalan bu Budda heýkeli, 2016-njy ýylyň ýaz paslynda tamamlandy. Ýumrulmak howpuna seretmezden, Kaçkanar buddistler toplumy ony gurmagy dowam edýärler. Sannikow munuň ýanynda budda mekdebini açmagy umyt edýär.

Buthanada sekiz adam dowamly ýaşaýar we başga birnäçe adam hem belli wagtlarda gelip gidýärler. Sannikowyň sözüne görä buthanada, “eger olar gowy adam bolsalar” islendik adam ýaşap biler. Olaryň düzgünlerinde, daşa ýazylyşy ýaly: alkogol, neşe serişdesi ýa-da gödek dil ulanmak bolmaýar. Topar meditasiýasi irden sagat 7-8 aralygynda we günde 5 sagat işlemeli.

Boleslaw Wawilow buthana üçin odun toplaýar. 27 ýaşly bu adam boş wagtynda massaj terapist bolup işleýär.

Wawilow “Russiýada kilisä bu günlerde biznes ýaly seredilýär. Birnäçe ýaşlar başga ruhy ýollar gözleýär” diýýär.

Meniň syýahat eden wagtymda, bu köpek tokaýdan peýda boldy we ybadathanada ýatmaga başlady. Şol wagtdan bäri bu hem sanki toparyna gatnaşýar we ol öz öýjagazyna eýe boldy.

Ýulia Gaşewa monastyrda ýaşaýan üç aýaldan birisi. “Hakyky dünýäde” otel kabulhanasynda işleýän 30 ýaşly bu zenanyň aýtmagyna görä; ol monastyr durmuşyny saýlanyny we günde 16 sagatlyk dowamly hyzmatynda; greçiha we makaron ýaly ýönekeý tagamlary taýýarlaýar.

Gaşewa sokynyň (stupa) öňünde çokunýar. Ol “bu ýerdäki asudalygy adaty durmuşymda hiç wagt görmändim” diýýär.

Ýöne bu asudalyk “Evraz” atly halkara magdan şirketine degişli şahtadaky şatyrdyly sesler zerarly harap boldy. Işçiler bu ýerden polady berkleşdirmek üçin ulanylýan demri we wanadiý elementini çykarýarlar.

Evraz rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşygy bolan Roman Abramowiçe degişli. Şirketiň bu sebitde 6 müň işgäri bar. Şol şahtalardan birisi örüsini giňeldip barýar. Evraz şirketi girdejili bolmak üçin, buthananyň aşagynyň gazylmalydygyny aýdýar.

Karlos Koelho, Azatlyk Radiosy

Demir kirişler Evrazyň ojak fabriklerinde ýasalýar. Şirket Azatlyk Radiosynyň monastyryň aýrylmagy barada beren sowalyna e-mail arkaly şeýle jogap berdi; “Kaçkanar dagyndaky binalar gönüden-göni Hususy Kaçkanar mis magdan käniniň üstünde ýerleşýär”. “Russiýa Federasiýasynyň kanunyna görä magdan känleriniň üstünde bina gurluşygy, aýratyn-da ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gadagan edilen. Bu mesele döwlet resmileriniň jogapkärçiligine degişli”.

Alnan surat: Evraz

Döwlet resmileriniň 2017-nji ýylyň 1-nji martynda monastyr toplumyny ýer bilen ýegsan etmegine garaşylýar. Ýöne bu ýagdaý örän aladaly görünýär. Sebäbi Budda heýkeliniň biznes bähbitleri sebäpli aýrylmagy oňaýsyz bolar.

Bu ýere ýerli turistler gelýär. Monastyra her ýylda müňlerçe jahankeşde syýahat edýär. Olaryň aglabasy ruslar. Bu ýaş çatynjalar meniň galan wagtymda bütin gijesini bu ýerde geçiren 30 kişilik toparyň agzasy.

Boleslaw Wawilow meditasiýa edýär. Buddistler turistleri üns bölüji ýaly görýär, ýöne monastyr özüniň azyk ätiýaçlary üçin we aýratyn hem häzirki döwürde monastyra ünsi çekmek üçin olary kabul edýär.

Evraz monastyry başga ýerä geçirmäge taýyndygyny aýdýar, emma Kaçkanar buddistleri önüp-ösen ýerleriniň we binalarynyň mukaddesdigini aýdýarlar. “Hatda sokynyň hem ýerini üýtgedip bolmaz”

Resmileriň we ýerli ýolbaşçylaryň pul jerimesi we monastyry aýyrmak hakyndaky talaplary Sannikow tarapyndan red edildi. Monastyryň daglyk ýerde gurulmagyna rugsat bermek hakynda resmilerde dürli pikirler bar. Monastyry halas etmek hakyndaky haýyşnama müňlerçe gol çekildi we oňa rus aýdym-saz sungatynyň ýyldyzy Boris Grebenşikow arka çykýar. Kaçkanarly ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, buthana şäheriň geljegine gidýän ýolda ýerleşýär. “Kaçkanaryň penşenbesi” atly gazetiň baş redaktory Lýudmila Laptewanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä; bu şäherçe hut şol minerallary çykarmak üçin gurlan. Eger-de Evraz bu ýerde magdan işläp çykarmagy dowam edip bilmese, onda bu ýer ýaşamagyny bes eder.