Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede saglygyny bejerdýän türkmenistanlylar köpelýär


Aşgabadyň aeroportynda uçaryna garaşyp duran bir zenan.
Aşgabadyň aeroportynda uçaryna garaşyp duran bir zenan.

Türk metbugatynda çykýan habarlarda saglyk turizmine gelýän türkmenistanly raýatlaryň barha köpelýändigi aýdylýar. Türkiýäniň Sakarýa welaýatynyň döwlet hassahanalary edarasynyň golaýda çap eden hasabatyna görä, 2016-nji ýylda 190 sanysy türkmenistanly bolmak bilen bir hatarda jemi 12 müň 208 daşary ýurtly öz saglygyny bejerdipdir.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan we adynyň efirde agzalmazlygyny soran döwlet hassahanasynyň bir işgäri bu temadan şeýle maglumat berýär:

"Sakarýa Stambula ýakyn bir ýer we bahalary hem uly şäherlere görä amatly. Çägeli deňiz ýakasy, kölleri, akar suwlary, tokaýlygy bilen saglyk turizmi taýdan diýseň amatly ýer. Şonyň üçinem daşary ýurtlular saglyk turizmi üçin Sakarýany saýlap alýarlar. Bize gelýän türkmenistanly raýatlaryň aglaba köpçüligi Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlaryň maşgala agzalary ýa-da dogan-garyndaşlary" diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip: "Gürrüňdeş bolýan türkmen hassalarymyzyň aýtmagyna görä, bu ýer Türkmenistana görä gaty amatly we hassahana hyzmatlary hem döwrebap ýagdaýda. Biziň hekimlerimiz özüni bejertmäge gelýän türkmenistanly raýatlary edil öz dogan-garyndaşy ýaly hasaplap, olara beýleki daşary ýurtlulardan has gowy seredýärler. Biz bu ýerde her hili çylşyrymly operasiýalary we dürli saglyk bejergisini döwrebap derejede hem amatly şertlerde hödürleýäris. Türkmenler üçin bärde dil kynçylygy-da bolmaýar".

Sakarýadaky hassahanada öz hossarynyň saglygyny bejerden Stambulda işleýän türkmen migrant Jereniň aýtmagyna görä, onuň hossary Türkmenistanda öz saglygyny doly bejerdip bilmän, köp kynçylyk çekipdir. Ol şeýle diýdi:

"Meniň özüm şepagat uýasydym. Ýadyňyza düşýän bolsa, Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazow döwründe müňlerçe saglyk işgäri işinden boşadyldy. Şolardan birem mendim. Welaýatlarda ýaşaýanlar üçin saglyk bejergisini almaga diýseň çäkli mümkinçilikler bar. Çylşyrymly operasiýalar ýa-da bejergiler üçin welaýatlarda ýaşaýanlar Aşgabada gitmeli. Ol ýerde-de sähel bir zat bolsa ýüzüňi alyp durlar. Onsoňam Aşgabatda hem ibaly seredenoklar. Bejerginiň daşyndan hökman hassahanadakylara we hekimlere para-peşgeş beräýmeli. Bolmasa ýüzüňe seredenoklar. Işleýänleriň köpüsi pul bilen diplom alansoň, gelýän adamlaryň keselini we onuň bejergisini doly takyklap bilenok. Aşgabatda, belki, käbir hassahanalarda döwrebap enjamlar bardyr, ýöne ony ulanyp bilýän kadrlar ýok diýen ýaly. Baram bolsa nobata ýazylmaly. Garaz, Türkmenistandaky şeýle ýagdaýlar sebäpli Türkiýä gaýdanyny has amatly görýär raýatlarymyz".

Özüni Gurban diýip tanadan bir migrant Türkmenistandan Türkiýä saglygyňy bejertmäge gelmegiň proseduralaryny şeýle düşündirýär:

"Aýdylýan gürrüň dogry, bärde işleýänler ýa-da okaýanlar öz hossarlaryna Türkiýede seretdirmegi saýlap alýarlar. Meselem, ýaşulularymyzyň saglyk ýagdaýyna aňyrda kömek edip bilmediler. Onsoň Türkiýä alyp gaýtmaga karar berdik. Hassahanadan daşary ýurda "naprawleniýe", ýagny daşary ýurtda saglygyny bejetmäge mahlasat berýän hat islesek, ony bermediler. Şol bolmasa resmi görnüşde daşary ýurda özüňi bejertmäge iberenoklar. Ony alanyňdan soňam daşary ýurtda bejergi aljak hassahanaň, bejerginiň tölegi we ol tölegi nädip tölejekdigiň barasynda bir topar resminama isleýärler. Hemmesini beräýeniňde-de gaty köp garaşdyrýarlar. Olaryň karar bermegine garaşýançaň ýaşulularyň ýagdaýy hasam ýaramazlaşjak diýip, biz resmi bolmaýan görnüşde, ýagny saglyk turizmine däl-de gezmäge barýarys diýip, olary bärik getirip, bejergi aldyrdyk. Tüweleme, Türkmenistanda bejerip bolanok diýýän ýagdaýlarynam bärde bejerdiler. Ýaşulularymyzyň ýagdaýy indi hasam gowulaşýar. Türkiýede edil Türkmenistandaky ýaly bir topar prosedura, para-peşgeş ýagdaýy, artykmaç gep-gürrüňler we öz iş hakyndan daşaryn "aklyk" aljak bolup, eliňe garap duranam ýok".

Ýatlap geçsek, Ankarada bir hassa seredip ýygnan puly bilen Sakarýa uniwersitetine okuwa girenden soň bagryny çalşan Patma Döwranowanyň "Türkiýede bolanym üçin özümi diýseň bagtly hasaplaýaryn. Student saglyk kepilligi bilen bagtym çüwdi. Türkiýede bolmadyk bolsam, bu keselden ölerdim" diýen sözleri türk metbugatynda uly seslenme döredipdi.

XS
SM
MD
LG