Sepleriň elýeterliligi

“Gurbanguly ömürlik gahrymanym bolup bilerdi”


“Eger şu saýlawda Gurbanguly saýlanmasa, Gurbanguly meniň ölýänçäm ýerini hiç kim bilen çalyşmajak gahrymanym bolar".

“Eger şu saýlawda Gurbanguly saýlanmasa, Gurbanguly meniň ölýänçäm ýerini hiç kim bilen çalyşmajak gahrymanym bolar".

12-nji fewrala bellenen Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlaryna az wagt galanda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda bu möhüm syýasy çäre bilen ilteşikli çap edilen makaladyr wideolara ýazylýan teswirleriň sanynyň hem artýandygyny synlasa bolýar.

Okyjylaryň arasynda jemi dokuz kandidatyň gatnaşýan bu prezidentlik saýlawlarynda diňe ýeke, ýagny üçünji gezek prezidentlige dalaş edýän G. Berdimuhamedowyň şahsyýeti dogrusynda has köp gürrüň edilýändigi göze ilýär.

Özüni Sahy diýip tanyşdyran okyjylarymyzyň biri umumy saýlaw kampaniýasy barada pikirini şeýle galdyrypdyr: “Prezidentlige dalaşgär adamlar efire çykyp prezidenti tankyt etmäge derek, ony öwüp, arşa çykaryp dur-a. Özlerem saýlawa gatnaşýarlar. Yzyndan perzidenti öwýärler”. Sahy soňy bilen dalaşgärleriň ýurtdaky bar bolan meseleler dogrusynda hiç zat aýtmaýandyklaryny, özleriniň alternatiw çözgütlerini hem hödürlemeýändiklerini belläp geçýär.

Şol bir wagtda, ýazylýan teswirleriň arasynda häzirki ýurt baştutanynyň üçünji möhlete ýene saýlanjakdygynyň ‘ikuçsuzdygyny’ aýdýan teswirleriň agdyglyk edýändigini hem görse bolýar.

“Prezident saýlandy eýýäm. Bu bir sahna. Ses berseň-de şol Gurbanguly; bermeseň-de. Üýtgejek zat ýok” diýip, Ruslan atly okyjymyz öz pikirini jemläpdir.

Gülnabat atly okyjymyz bolsa: “Azatlyk we Adalat Türkmenistanda hiç wagt bolmady, bolmazam. Gurbangulynyň diýen zatlary we edýän zatlary biri-birine gabat gelenok. Aldamaga ökde Gurbanguly diňe halky däl, daşary ýurtdakylary-da aldajak bolýar Saýlaw Spektakly bilen. Bar aladasy diňe para-pul, halky kösäp otyr biderek gadagançylyklary girizip” diýip, öz pikirini orta atypdyr.

Şol bir wagtda, nobatdaky prezidentiň ýene G. Berdimuhamedow bolmalydygyny aýdyp, muňa ‘delil’ getirýän garaýyşlar hem bar: “Esasy zat ýurdy asuda, parahat ýagdaýda saklaýar. Uruş ýok. Dawa-jenjel ýok. Ömürlik baştutan bolmaga mynasyp Lider!!!” diýip, Mesgen atly okyjylaryň biri pikirini galdyrypdyr.

Adam diýen okyjy bolsa, Gurbangulynyň özi üçin müdimilik gahryman bolup biljekdigini aýdyp: “Eger şu saýlawda Gurbanguly saýlanmasa, Gurbanguly meniň ölýänçäm ýerini hiç kim bilen çalyşmajak gahrymanym bolar. Eger öz kandidatlygyny goýmadyk bolsa, eýýäm bolardy. Bizde ýolbaşçy 5 ýyl işläp, gaty gitse 10 ýyl işläp, ýerini başgasyna goýup gitse köp zat üýtgär. Şu edermenligi görkezip bilýän her bir ýolbaşçy meniň üçin gahryman. Sebäbi olar ýurtda ýaşaýan raýatlaryň ykbalyny bir oturgyç üçin böwetlemekden ýüz öwürýärler” diýen mazmunly teswirini galdyrypdyr.

Ýeri gelende bellese, bu teswirleriň we garaýyşlaryň hiç biri Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatman, olar okyjylaryň öz şahsy nukdaýnazarlarydyr.

Galyberse-de Azatlyk Radiosy “Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlarynda haýsy dalaşgäre ses bermekçi?” diýen sorag bilen ýörite pikir soralyşyk hem açdy.

Azatlyk Radiosynyň websaýtyndaky ylmy bolmadyk bu pikir soralyşyga häzire çenli 220-den hem aşa adam ses berip, onuň netijesinde iň köp, ýagny sesleriň 57%-ni Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň kandidaty Bekmyrat Atalyýewe berlipdir. Ikinji oruny sesleriň 16%-ny bilen “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýlaşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Wkontakte sosial ulgamyndaky açylan pikir soralyşyga bolsa häzire çenli 336 adam gatnaşyp, olaryň aglaba bölegi – 61,9%-i seslerini G. Berdimuhamedowa beripdirler. Ýene bir gezek ýatladyp geçsek, bular ylmy bolmadyk pikir soralyşyklaryň netijeleridir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG