Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Monica Bellucci: "Ýaşyma görä rollar gözleýärin"


Italýan aktrisasy Monica Bellucci
Italýan aktrisasy Monica Bellucci

Dünýä belli serb kinorežissýory Emir Kusturisanyň 2016-njy ýylda surata düşüren "Akmaýanyň ýoly" atly kinofilmiň baş rolunda italýan aktrisasy bilen režissýoryň hut özi oýnaýar. Kinofilmde erkek adam bilen zenanyň özara gatnaşyklary suratlandyrylýar. Italýan aktrisasy Bellucci "lenta.ru" internet sahypasyna täze kinofilmi Kusturisa bilen aragatnaşygy we ýaş bolmadyk aktrisalaryň kino pudagynda duş gelýän problemalary hakda gürrüňdeşlik geçiripdir.

- Emir Kusturisa bılen liftde tanşanyňyz dogrumy?

-Hawa-hawa, hut şeýle boldy. Mundan bäş ýyl owal Kann kinofestiwalynda bolan waka. Soň ol maňa kinofilmiň tekstini iberdi we eger razy bolsam onda Drwengrad şäherine kinofilmiň suratyna düşürilýän ýere gelmelidigimi aýtdy. Onsoňam ol kinofilmi men bolmasam surata düşürmejekdigini nygtady.

- Siziň gatnaşygyňyz edil romantiki komediýalardaky ýa-da melodramalardaky pursatlary ýada salýar.

- (Gülýär) Görşüňiz ýaly hakyky durmuşda hem şeýle ýagdaýlar bolýar. Aslynda Emir maňa hiç wagt razy bolmajak bir kinofilmi teklip etdi. Ahyrzaman gopsa-da, men oňa razy bolmazdym. Beýleki tarapdan men razylyk bildirmedik bolsam, režissýor ony surata düşürjek däldi.

- Köpsanly beýik režissýorlar bilen işleşdiňiz. Kusturisa olardan nähili tapawutlanýar?

Monica Bellucci we Emir Kusturisa Bosniýada
Monica Bellucci we Emir Kusturisa Bosniýada

- Beýik režissýorlaryň hiç biri beýlekisine meňzemeýär. Her biriniň özboluşly aýratynlygy bar. Emir bolsa şu wagta çenli gören iň beýik kino muşdagy. Ol oýuňa-küýüňe gelmejek derejede gaty köp kinofilme tomaşa edipdir. Bilelikde işlän mahalymyz ol meni hiç wagt islemeýän işime mejbur etmedi… Diňe surata düşürjek kinofilmine meňzeýän birnäçe kino üns berip tomaşa etmegini isledi. Ol kinolaryň käbiri mende diýseň täsir galdyrdy welin, henizem ýadymdan çykanok we häli-şindi göz öňüme gelýär. Olar fransuz "täze akyma" degişli kinofilmlerdi. Käbiri bolsa köne sowet kinolarydy. Mysal üçin "Durnalar uçýar" atly kino. Ol kinolar meniň gatnaşan "Akmaýanyň ýoly" atly kinofilme meňzeýärdi. Mende iň güýçli täsir galdyrany bolsa 1960-njy ýyllarda surata düşürilen tanymal çeh kinosydy. Ol gara-ak şekilli kinoda hiç hili gepleşik ýok... Has geň tarapy, men onuň adynam ýadyma düşürip bilemok. Emir ol kinofilme ilkinji gezek Pragada kino okuwynda okaýarka tomaşa edendigini gürrüň berdi. Kino surata düşürilýän meýdançada bolsa Kusturisa hakyky hojaýyndyr. Ol kim bilen isleýänigini takyk bilýär. Onuň bilen aç-açan pikir alşyp bolýar. Ol gaty duýgur biri. Aktýora azatlyk berilmeli bolanda, ol muny dessine aňýar.

- Umuman aýdylanda, siziň "Akmaýanyň ýoly" atly kinofilmde suratlandyran gahrymanyňyz diýseň köptaraply bir zenan. Onuň bildirişlerde hem hiç ady agzalmaýar. Diňe ýöne "Gelin" diýip, agzalyp geçilýär.

- Hä, kinodaky bu sypatlandyrma meniň özümde hem çuňňur täsir galdyrdy. Elbetde, gahrymanym durşy bilen zenanlygyň nyşanasy, ýagny başgaça aýdylanda feminnosdyr. Umuman, Kusturisa gaty batyrgaý režissýor. Ondan başga gaty az adam obrazlar we taryh hakda ebedi, metaforik aýratynlyga eýe döredijilik bilen meşgullanyp, eser döredip bilýär. Filmde meniň gahrymanym zenan we onuň obrazy bolan erkek adam köptaraply häsiýete eýedir. Olaryň ikisi uzaga çeken uruşlardan, bosgunlykdan ýadap, ahyryndan birek-bireginden aramlyk tapýarlar. Bu diýseň täsin hem ýakymly ýagdaý! Göýa döwrebap Adam bilen How ene ýer ýüzündäki jennetden, söweş odunyň ortarasyna düşüpdir. Iň jana ýakymly tarapam olar ýetginjek ýa-da ýaş däl. Olaryň ikisiniňem ýaşy elliden geçen. Olar durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadyp gören ullakan adamlar. Ýöne şonda-da, söýgi üstün çykýar we olary söweşden üzňeleşdirýär. Meniň pikrime görä, bu diýseň şahyranadyr.

- Wagtyň geçmegi bilen rollaryňyza we gahrymanlaryňyza görä ünsüňiziň hem islegiňiziň üýtgändigini duýýarsyňyzmy?

- Bilemok, wagt ünse we islege täsir edýärmi dogrudanam. Hemişe maňa tejribe gazandyran täsirli režissýorlar we maksatnamalar boldy. Men özümiň tapawutly taraplarymy ýüze çykaryp biljek rollaryň gözleginde boldym. Bu nukdaýnazardan meniň rollara çemeleşişim üýtgemän galdy. Bagtyma, hemişe maňa hut meni öz kinofilmlerimde görmek isleýän režissýorlar duş gelýär. Bu meniň özümi öwýändigimi aňlatmaýar. Men indi ýaş zenan dal we şonuň üçinem ýaşyma görä rollar gözleýärin.

- Diýmek, onda henizem göwnüňizden turýan kino teklipleri bolýarmy?

- Hawa. Bu pudakda bagty çüwmeýän ençeme aktrisa bar: Loren, Lollobridge we ş.m. Aktrisalaryň ýaşlygy ýitensoň režissýorlaryň hem olara ünsi ýitýär. Hudaýa şükür, häzirki döwürde her ýaşdaky zenan üçin dürli rollar bar. Özüniň 40, 50, 60 ýaşyndan soň hem ussatlygyny görkezip, adamlarda çuňňur täsir galdyrmagy başaran aktrisalar hem köpdür. Bagtym çüwensoň meni henizem rollarda oýnamaga çagyrýarlar. Ýöne mundan on ýyl owalky ýaşymda edil häzirki ýaly teklipleriň geljegini göz öňüne hem getirip bilmezdim. Golaýda Nil Georgeniň "Rivera" atly seriýalyndaky işlerimi tamamladym. Ynanaýyň, bu diýseň özboluşly bir duýgudyr.

- Şu wagta çenli oýnan rollaryňyzdan haýsysy sizde aktrisalyk taýdan hemmesinden köp täsir galdyrdy?

- Hut şeýle jemi iki sany rol bar. Ol rollar meniň aktrisa hökmünde kämilleşmegimde, esasy täsiri etdi. Olar Gaspar Noeniň "Yza gaýdyp bilmeýärin" we Giuseppe Tornatoreniň "Malena" atly kinofilmlerindäki rollarymdyr.

XS
SM
MD
LG