Sepleriň elýeterliligi

TDH: Berdimuhamedow saýlawçylaryň 98 prosente golaýynyň sesini aldy


Aşgabat. Gurbanguly Berdimuhamedow ses berýär, 12-nji fewral, 2017.

Türkmenistanyň iş başyndaky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawynda sesleriň tas 100 prosentini alyp, ýeňiji boldy.

Türkmen döwlet habarlar gullugy 13-nji fewral güni irden, Merkezi saýlaw toparynyň başlygyna salgylanyp, Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini mälim etdi (TDH-nyň habarynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradowyň ady aýdylmaýar).

Neşiriň maglumatyna görä, daşary ýurtlardaky saýlaw toparlaryndan gelip gowşan maglumatlar hem nazara alnanda, saýlawçylaryň jemi 97,27 göterimi ses bermäge gatnaşdy.

Prezident saýlawynyň deslapky netijelerine görä, häzirki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawçylaryň 97,69 prosentiniň sesini alyp, üçünji möhlete hem prezident boldy.

Geçen ýyl kabul edilen täze konstitusiýa laýyklykda, ol indi ýedi ýyllap prezident bolar we baş kanunda prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägi hem aýryldy. Synçylar munuň Berdimuhamedowyň ömürlik prezidentligine ýol açýandygyny aýdýarlar.

"Alternatiw" kandidatlar

Berdimuhamedow bu gezekki prezident saýlawlarynda sekiz kandidat, şol sanda ilkinji gezek beýleki syýasy partiýalaryň wekilleri bilen hem bäsleşdi.

Emma synçylar raýatlaryň inisiatiwa toparlary tarapyndan hödürlenen kandidatlaryň we döwlet tarapyndan döredilen partiýalaryň hiç bir saýlaw üýtgeşikligini getirmändigini, saýlawlaryň netijesiniň öňünden belli bolandygyny aýdýarlar.

Prezident Berdimuhamedowyň saýlaw kampaniýasy mahalyndaky efir wagtyny beýleki kandidatlara «eçilendigine» garamazdan, döwlet telewideniýesi «alternatiw» kandidatlaryň saýlawçylar bilen duşuşyklaryna az wagt berip, iş başyndaky prezidentiň iş saparlary diýilýänleri giňden beýan etdi.

Şol saparlarda prezident işçileriň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdi, olaryň käbirine maşgalasy bilen «Awazada» dynç alyş mümkinçiliginidöretdi, başgalaryna telewizor sowgat berdi. Mundanam başga, telewideniýede prezident bilen duşuşyga gatnaşýanlaryň oňa ses bermegi wada berişleri, alkyş sözlerini aýdyşlary görkezildi.

Şeýle-de, döwlet telewideniýesinde saýlaw barada guralan gepleşiklerde Berdimuhamedowyň gazanandygy aýdylýan üstünlikler taryplandy.

Synçylar kandidatyň kampaniýa döwründe saýlawçylara sowgat bermeginiň, metbugatda kandidatlaryň birine beýlekilerden artykmak mümkinçilik döredilmeginiň saýlaw kanunlaryna ters gelýändigini aýtdylar.

Emma Merkezi saýlaw toparynyň resmisi Azatlyk radiosynyň bu baradaky soragyna «prezidentiň iş saparlary bilen kandidatlygyny garyşdyrmaly däl» diýip jogap berdi.

Merkezi saýlaw topary döwlet baştutanynyň saýlawlarynyň «ýokary guramaçylyk derejesinde, ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda geçendigini» aýdyp, hukuk goraýjy aktiwistleriň saýtlarynda we daşary ýurt habar serişdelerinde düzgün bozmalar barada çykan habarlara düşündiriş bermekden saklandy.

Türkmenistanyň prezident saýlawyna 3200-den gowrak milli synçynyň, 150-den gowrak halkara synçysynyň syn edendigi aýdylýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, GDA-nyň, Şanhaý hyyzmatdaşlyk guramasynyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary 13-nji fewralda metbugat ýygnaygyny gurap, ses bermek döwründe ýüze çykarylan kemçilikleriň "esasan tehniki häsiýetdedigini we saýlawlaryň açyklygyna hiç hili täsiriniň ýokdugyny" nygtadylar.

ÝHHG-nyň synçylar missiýasy häzirlikçe saýlawlaryň geçişine öz bahasyny bermedi.

Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylary saýlaw günündeAşgabatdaky saýlaw uçastoklarynyň birnäçesine baryp, ses bermäge gelenleriň beýle köp bolmandygyny habar berdiler. Bu saýlaw uçastoklaryndan düşürilen fotosuratlardan hem görünýär.

Şeýle-de, Azatlyk radiosyna saýlawdan öň Aşgwabatdaky mekdepleriň biriniň okuwçylaryna iş başyndaky prezidentiň haýryna saýlaw býulletenlerini doldurmagyň tabşyrylandygy barada habar gowuşdy.

Resmi maglumatlara görä, Berdimuhamedow 2007-nji ýylda geçirilen prezident saýlawynda saýlawçylaryň 89,23 prosentiniň, 2012-nji ýyldaky saýlawda bolsa 97,14 prosentiniň sesini aldy.

Türkmenistanda metbugat, söz, ýygnanyşmak we pikir aýtmak azatlygyna ýol berilmeýär we soňky 25 ýylda halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

Merkezi saýlaw topary ses bermegiň gutarnykly netijeleriniň ýakyn wagtda jemlenjekdigini aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG