Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentleriň haýsysy nähili ses alýar?


12-nji fewralda Türkmenistanda geçirilen prezident saýlawlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow ses berijileriň 97,69 prosentiniň sesini alyp, üçünji möhlete prezident saýlandy. Bu netije onuň öňümizdäki ýedi ýylyň dowamynda ýurda prezidentlik etjekdigini aňladýar.

2006-njy ýylyň ahyryndan bäri häkimiýetde oturan 59 ýaşyndaky Berdimuhamedow mundan ozal iki gezek prezident saýlawyny başdan geçirdi. Resmi maglumatlara görä, türkmen prezidenti 2007-nji ýylda geçirilen prezident saýlawynda saýlawçylaryň 89,23 prosentiniň, 2012-nji ýyldaky saýlawda bolsa 97,14 prosentiniň sesini aldy.

Azatlyk Radiosy gaza baý Türkmenistanyň awtoritar prezidenti G. Berdimuhamedowyň prezident saýlawlarynda gazanan netijelerini dünýäniň käbir beýleki ýurtlarynda geçirilen saýlawlaryň netijeleri bilen deňeşdirdi.

Geçen ýylyň 4-nji dekabrynda Özbegistanda geçirilen prezident saýlawynda ýurduň iş başyndaky prezidenti Şawkat Mirziýaýew sesleriň 88 prosentini alyp, prezident saýlandy. Miziýaýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda awtoritar prezident Yslam Kerimowyň ölüminiň yz ýany, ýurduň wagtlaýyn lideri wezipesine geçipdi.

Özbegistanyň Merkezi Saýlaw komiteti saýlawlara ses berijileriň jemi 87,83 prosentiniň, ýagny 20 million çemesi ses berijiden, 17,9 milliondan gowragynyň gatnaşandygyny aýtdy.

2013-nji ýylyň 12-nji iýunynda Eýranda geçen prezident saýlawlarynda bolsa, Hassan Rohani özüniň bäş sany konserwator garşydaşyndan uly tapawut bilen öňe saýlandy we sesleriň 50,7 prosentine eýe bolup, prezident saýlandy.

Aram reformaçy hasaplanylýan Hassan Rohani Günbatar ýurtlary bilen özleriniň ýadro programmalary barada gepleşikleri geçirip, Eýrana garşy halkara derejesinde alynyp barylýan sanksiýalary ýatyrmak ugrunda işleri alyp bardy.

Fransiýada 2012-nji ýylyň 6-njy maýynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýurduň Sosialistik partiýasyndan kandidat Fransua Olland ses berijileriň jemi 51,6 prosentini alyp, ýeňiş gazandy.

Prezident saýlawlarynyň iň soňkularynyň biri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirildi. Onda ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan milliarder Donal Tramp Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillari Klintondan üstün çykyp, prezident saýlandy.

Tramp tutuş ýurt boýunça saýlawçylaryň umumy seslerini görkezýän halk ses berişliginiň netijeleri boýunça saýlawçylaryň 47,9%-niň , Klinton 47,3%-niň sesini aldy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň prezident saýlawyna 3200-den gowrak milli synçynyň, 150-den gowrak halkara synçysynyň syn edendigi aýdylýar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň maglumatynda GDA-nyň synçylar missiýasy saýlawlaryň geçirilişinde hiç bir bidüzgünçilik görmedi diýip habar berse-de, soňky 25 ýylda ýurtda halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG