Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan din azatlygy boýunça alada döredýär


Mary, üçeginden ýagyş geçýän metjit

ABŞ-nyň garaşsyz Din azatlygy komissiýasy Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Türkmenistany «aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna girizmegine» çagyrdy.

Bütin dünýä boýunça din azatlygynyň berjaý edilişine gözegçilik edýän komissiýa 2016-njy ýyla syn esasynda nobatdaky hasabatyny çap etdi.

Täze hasabat 2015-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2016-njy ýylyň 29-njy fewralyna çenli aralygy öz içine alýar. Ýöne onda käbir halatlarda has soň bolan wakalar hem ýatlanylýar.

Hasabatyň Türkmenistan baradaky bölüminde hökümetiň 2015-nji ýylda hem dini guramalary doly döwlet kontrollygynda saklap, din azatlygyny düýpli bozup gelendigi, ýagny dini guramalaryň hökmany suratda hasaba alynmagyny talap etmegiň dowam etdirilýändigi, hasaba alnan dini guramalaryňişjeňlikleriniň bolsa berk kontrollykda saklanylýandygy aýdylýar.

Şeýle-de komissiýa Türkmenistandahasaba alynmadyk dini guramalaryň işiniň gadagandygyny, bu talaba boýun bolmadyk dini toparlara berk çäre görülýändigini belleýär.

«Hasaba alnan we hasaba alynmadyk dini toparlara polisiýa reýdleriniň geçirilmegi, olara azar ýamanynyň berilmegi dowam edýär» diýip, hasabat 2014-nji ýylda hasaba alynmadyk dini toparlara berilýän jezanyň has berkidilendigine ünsi çekýär.

«Türkmen kanunçylygy dini ynanjy esasynda harby gullukdan boýun gaçyrýanlara alternatiw graždan gullugyny hödürlemeýär, harby gullukdan boýun gaçyran iogowa şaýatlarynyň bolmanda biriniň tussag edilendigi belli» diýip, Komissiýa Türkmenistanyň din azatlygy boýunça halkara kanunlaryny gödek bozýandygy sebäpli, gaýtadan «aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna girizilmegini» maslahat berýär.

Döwlet departamenti Türkmenistany ilkinji gezek 2014-nji ýylyň iýulynda «aýratyn alada döredýän ýurtlaryň» sanawyna goşupdy, Din azatlygy komissiýasy Türkmenistanyň bu sanawa goşulmagyna 2000-nji ýyldan bäri çagyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda din azatlygy kepillendirilýär, döwletiň dinden aýrydygy, raýatlaryň bolsa dini ynanjyna ýa dine ynanmazlygyna garamazdan deňdigi aýdylýar.

Emma 2003-nji ýylda din barada çykarylan kanun Baş kanunyň bu kepillendirmesine ters gelýär diýip, hasabat 2007-nji ýyldaky ýeňil-elpaý reformalara garamazdan, hasaba alynmadyk dini guramalaryň ýanalmagynyň dowam edýändigini belleýär.

Din azatlygy komissiýasy bu kanun bozmalar bilen bagly ABŞ-nyň hökümetine Türkmenistan babatda birnäçe rekomendasiýa hem berýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň hökümetini wyždan bendileriniň ählisini tussaglykdan boşatmaga, tussaglaryň ählisine adamkärçilikli çemeleşmäge,adam hukuklarynyň berjaý edilmegine, bendilere maşgalasy bilen göüşmek, medisina we aklawçy hyzmatlaryny almak mümkinçiliginiň berilmegine yrmak hem bar.

Din azatlygy guramasynyň hasabatynda BMG-niň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkeziniň, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň Türkmenistany adam hukuklarynyň berjaý edilmegine yrmagyna çagyrylýar, türkmen hökümetini BMG-niň adam gynamalary baradaky ýörite hasabatçysyny ýurda goýbermäge, din azatlygynyň berjaý edilmegine, ABŞ-nyň Parahatçylyk korpusynyň Türkmenistandaky programmasynyň dikeldilmegine yrmaga çagyrylýar.

Türkmenistanyň kanunçylygy diňe din azatlygyny däl, eýsem raýatlaryň informasiýa almak we ýaýratmak, öz pikirlerini parahatçylykly ýagdaýda beýan etmek hukuklaryny hem kepillendirýär.

Emma türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalistleri yzygiderli ýanaýar. Soňky döwürde Azatlyk radiosynyň iki habarçysy, Saparmämmet Nepesgulyýew we Hudaýberdi Allaşow – öz konstitusion hukuklary esasynda ýurtdaky sosial meseleler barada habar taýýarlandyklary üçin ýanamalara sezewar bolup, türmä basyldy.

Halkara hukuk toparlary, şol sanda BMG-niň eden-etdilikli tussag etmelere garşy işçi topary Nepesgulyýewiň bikanun saklanylýandygyny aýtdy. Emma resmi Aşgabat garaşsyz žurnalistleri daşarky dünýäden üzňelikde saklamagyny dowam etdirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG