Sepleriň elýeterliligi

Terrorizm bilen bagly jenaýatda güman edilýän amerikan raýaty Gürjüstanda tussag edildi.


Batumi şäheriniň halkara aeroporty

Terrorizm bilen bagly jenaýatda güman edilýän we Özbegistanda gözlenýän ABŞ-nyň raýaty Gürjüstanda tussag edildi.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrliginiň 15-nji fewralda mälim etmegine görä, ady diňe L.K. harplary bilen tutulýan 39 ýaşly amerikan raýaty Gürjüstanyň Ajara awtonom regionynyň paýtagty Batuminiň halkara aeroportunda tussag edilipdi.

Resmi beýannamada ABŞ-nyň raýatynyň Interpoluň Daşkentdäki býurosynyň talaby boýunça tussag edilendigi aýdylýar. Ministrligiň maglumatyna görä, agzalan adam Özbegistanda terrorizmde, jenaýat toparyny döretmekde, “diwersion hereketlerde” we bikanun ýarag saklamakda güman edilip gözlenýär.

Resmi beýannamada agzalan adamyň Özbegistana tabşyrylmagy boýunça meselä seredilýändigi barada habar berildi.

XS
SM
MD
LG