Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň goranyş üçin çykdajylary we terrorizme garşy göreşi maslahat etmegine garaşylýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary James Mattis (ç) we NATO-nyň goranmak ministrleriniň duşuşygyna gatnaşýan resmi toparyň agzalary, Brussel, 15-nji fewral, 2017.

ABŞ-nyň goranmak sekretary James Mattis (ç) we NATO-nyň goranmak ministrleriniň duşuşygyna gatnaşýan resmi toparyň agzalary, Brussel, 15-nji fewral, 2017.

NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brusselde geçiriljek duşuşygynda goranyş üçin çykdajylary we terrorizme garşy göreş meselesini maslahat etmegine garaşylýar. 15-nji fewralda geçirilýän maslahata ilkinji gezek ABŞ-nyň täze goranmak sekretary James Mattis gatnaşýar.

Iki günlük maslahatyň öňüsyrasyda 14-nji fewralda NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg maslahatda “transatlantik bileleşigiň uly ähmiýetiniň gaýtadan nygtaljagyna” özüniň ygtybarlydygyny aýtdy we guramanyň agza ýurtlaryny goranyş üçin çykdajylary artdyrmak boýunça öz tagallaryna Birleşen Ştatlary ynandyrmaga çagyrdy.

Şeýle-de NATO ýaranlary ABŞ-nyň 28 ýurdy öz içine alýan bileleşigiň öňündäki borçnamalaryny berjaý etmegine güwä geçmegini isleýärler. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bileleşigi “wagty geçen” diýip atlandyrypdy we agza ýurtlar goranyşa öz çykdajylaryny artdyrmasa goldawdan ýüz öwürip biljegini duýdurypdy.

Tramp NATO-nyň agzalaryny goranyşa umumy içerki önümçiliginiň 2% derejesine barabar çykdajy etmek boýunça borçnamalaryny berjaý etmezlikde ençeme gezek tankyt edipdi we çykdajylary deň paýlaşmaga çagyrypdy.

Stoltenberg Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Polşanyň, Gresiýanyň we Estoniýanyň “2% derejesindäki plany berjaý edendigini”, şol bir wagtda-da Litwanyň, Latwiýanyň we Rumyniýanyň bu derejä ýakynlaşandygyny aýtdy.

Şeýle-de NATO-nyň maslahatynda guramanyň terrorizme garşy göreşe, şol sanda “Yslam döwleti” atly terrorçylykly topara garşy göreşe gatnaşygyny artdyrmak meselesiniň maslahat edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG