Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň ýeňşini haýsy liderler gutlady?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanda “alternatiw” esaslarda geçirilendigi aýdylýan prezident saýlawlarynda iş başyndaky prezident G. Berdimuhamedowyň ýeňiş gazanmagyny dünýäniň käbir ýurtlarynyň döwlet baştutanlary gutlasa, aglabasy bu barada kelam agyz söz aýtmady.

Eýse, türkmen lideriniň ýeňşini gutlan döwlet baştutanlary kimler?

Türkmen döwlet mediasynyň habar bermegine görä, olaryň arasynda Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynyň we post-sowet respublikalarynyň döwlet baştutanlary, şol sanda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin we beýlekiler bar.

13-nji fewralda çap edilen habarda, ilki bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gutlagyndan bir bölek getirilip, onda rus lideri “ses bermeleriň jemleri siziň [Berdimuhamedow] ýokary syýasy abraýyňyzyň, siziň döwlet baştutany wezipesinde bitiren işleriňiziň giňden ykrar edilmeginiň subutnamasydyr” diýýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpi hem öz gutlagynda Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň mundan beýläk hem täze üstünlikler gazanjakdygyna ynanýandygyny aýdýar.

Demokratik ýoldaky “erk-isleg”

“Men Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de biziň şahsy dostlugymyzyň sarpasyny belent tutýaryn. Siziň bilen birlikde iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbitlerine ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýar” diýlip, Si Szinpiniň gutlagynda aýdylýar.

Türkiýe Respublikasynyň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bolsa, Türkmenistanda 12-nji fewralda geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň “türkmen halkynyň Berdimuhamedowa bolan ynamyny hem-de demokratik ýoldaky erk-islegini ýene bir gezek tassyklandygyny” aýdýar.

“Türkmenistanyň siziň parasatly we öňden görüjilikli baştutanlygyňyzda abadançylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gadam urjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Rejep Taýýyp Erdogan gutlagynda belleýär.

Türkmenistanyň goňşusy Owganystanyň prezidenti Mohammad Aşraf Gani bolsa, “Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine üçünji gezek saýlanmagy onuň maksatnamalarynyň türkmen halky tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýär” diýlipdir.

Günabatar liderleri gutlamady

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem, Berdimuhamedowyň saýlawlarda gazanan “ynamly ýeňşini” gutlap, “Saýlawlaryň netijeleriniň türkmen halky tarapyndan siziň syýasatyňyza ýokary ynam bildirilýändiginiň we goldanylýandygynyň subutnamasy diýip hasap edýärin” diýýär.

Ýokarda agzalan liderlerden başga-da, Berdimuhamedowyň türkmen saýlawlarynda saýlawçylaryň 97,69% sesini alyp ýeňiş gazanmagyny gutlan döwlet we hökümet baştutanlarynyň arasynda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň prezidentleri we Russiýanyň premýer-ministri dagy bar.

Emma Türkmenistanyň we dünýäniň media serişdelerinde Günbatar ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň türkmen liderini gutlap, oňa gutlag ugradandygy barada maglumat göze ilmeýär.

Berdimuhamedow gutlady, emma...

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň döwlet mediasynda türkmen prezidentiniň Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberendigi barada maglumat çap edilse-de, Ştaýnmaýeriň Berdimuhamedowyň ýeňşini gutlandygy ýa-da gutlamandygy barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Ýatladyp geçsek, 10-njy fewralda hukuk goraýjy toparlar türkmen saýlawlary barada beýanat çap edip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gödek basgylanýandygy üçin, dünýä liderlerini prezident Berdimuhamedowyň ýeňşini gutlamazlyga, saýlawlaryň resmi netijelerini ykrar etmezlige çagyrypdylar.

“Biz bu saýlawlary hiç bir jähtden ynsaply, aç-açan, adalatly we onuň halkara standartlaryna, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-nyň çarçuwalyndaky borçnamalara laýyk gelýär diýip bolmajakdygyna ynanýarys” diýip, hukuk goraýjy toparlaryň beýanatynda aýdylýar.

Muňa garamazdan, GDA-nyň, ŞHG-nyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary prezident saýlawlarynda onuň kanunylygyna täsir ýetirjek bidüzgünçilik görmändiklerini aýdýarlar. Emma ÝHHG-nyň synçylary entek bu saýlaw baradaky pikirlerini aýtmadylar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG