Sepleriň elýeterliligi

Tramp Netanýahuny bilen Ýakyn Gündogary maslahat edýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donal Tramp we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donal Tramp we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donal Tramp 15-nji fewralda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuwy Ak tamda kabul edýär. Bu Tramp wezipe başyna geleli bäri iki lider arasynda geçýän ilkinji duşuşykdyr.

Ak tamyň sözçüsi Sean Spaýseriň 14-nji fewralda aýtmagyna görä, duşuşykda beýleki meseleler bilen birlikde Eýran, Siriýada barýan uruş, “Yslam döwleti” we beýleki terroristik toparlara garşylyk görkezmek hakda pikir alşylar.

Tramp bilen Netanýahuwyň Ysraýyl-Palestina konflikti, şol sanda basylyp alnan ýerlerde ýewreý ilatly şäherçeleriň gurulmagy we iki-döwlet çözgüdi hakda hem pikir alyşmagyna garaşylýar. Iki-döwlet çözgüdi diýlende, Ysraýyl bilen garaşsyz Palestina döwletiniň parahatçylykly goňşuçylykda ýaşaşmagy göz öňünde tutulýar.

Duşuşyk Netanýahu üçin öňki prezident Barak Obamanyň döwründe ýygy-ýygydan dartgynlyga uçran gatnaşyklary täzeden ýola goýmaga amatly pursat bolup durýar.

Tramp saýlaw kampaniýasynda eden çykyşlarynda, Ysraýylyň berk tarapyny çalyp, Amerikanyň ilçihanasyny Tel Awiwden Iýerusalime göçürmegi wada etdi, şäherçeleriň gurulmagyny tutanýerli goldaýan Deýwid Freidmany Ysraýyl boýunça öz ilçisi edip belledi, şeýle hem palestinalylar bilen gürleşmekde Ysraýyla basyş etmejekdigini aýtdy.

Ýöne Tramp wezipe başyna geleli bäri ilçihanany göçürmek niýetinden, hiç bolmanda häzirlikçe dänene meňzeýär. Muňa hem sebäp bolan regionda döremegi mümkin bulagaýlyk barada berlen duýduryşlar. Bu duýduryşlara Iýordaniýanyň patyşasy Abdulla-da goşuldy.

Ýaňy golaýda hem Ak tam täze şäherçeleriň gurulmagy ýa-da öňküleriň häzirki çäkleriniň giňeldilmegi parahatçylyk üçin peýdaly bolmaz diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Ysraýyldaky ilçisi hökmünde entek tassyklanmadyk Friedman çarşenbe günki gepleşiklere gatnaşmaz.

Geçen ýigrimi ýyllykda Amerikanyň esasy diplomatiýasy bolan iki-döwlet çözgüdini 2009-njy ýylda sözlän sözünde kabul eden Netanýahu bu çözgüdi şondan soňra hem tassyklap geldi.

Ýöne ol golaýda palestinalylara doly özbaşdak döwlet däl-de, düýpli awtonomiýa bermeginiň mümkindigini aýtdy.

Palestinalylar bolsa Iýordan derýasynyň günbatar kenarynda we Gazada garaşsyz Palestina döwletini gurmak isleýärler. Bu döwletiň paýtagty gündogar Iýerusalimde bolmaly. Gündogar Iýerusalimi hem 1967-nji ýylda bolan Orta Gündogar urşunda Ysraýyl basyp aldy.

Iki garaşsyz döwlet çözgüdine Tramp nähili garaýar, bu entek belli däl.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG