Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň metbugat wekili Moskwanyň Krym meselesini maslahat etmejegini aýtdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Moskwanyň Krym ýarym adasyny Ukraina gaýdyp bermek meselesini ABŞ ýa-da başga bir döwlet bilen maslahat etmejegini aýtdy.

Dmitriý Peskowyň 15-nji fewralda eden bu çykyşy Ak Tamyň metbugat wekili Sean Spiseriň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýetiň “Krymy gaýdyp bermegine” we gündogar Ukrainada zorlugy gowşatmagyna garaşýandygyny “açyk mälim edendigini” aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Kremliň metbugat wekili Krymy Orsýetiň territoriýasy diýip atlandyrdy we “Orsýetiň öz territoriýasyna degişli meseleleri daşary ýurtly partnýorlary, şol sanda Birleşen Ştatlar bilen hiç wagtda diskussiýa etmeýändigini” belledi.

Orsýet 2014-nji ýylyň mart aýynda öz harbylaryny iberip, referendum geçirmeginiň soň Krym ýarym adasyna gözegçiligi öz eline alypdy. ABŞ we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 100 ýurdy referendumy bikanun atlandyrypdy.

Peskow Trampyň 28-nji ýanwarda Putin bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginde Krym bilen bagly meseläni gozgamandygyny aýtdy.

Şeýle-de Peskow Trampyň saýlaw kampaniýasynyň agzalarynyň we beýleki ýaranlarynyň ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda bolan prezidentlik saýlawlaryndan birnäçe aý ozal Orsýetiň aňtaw resmileri bilen duşuşandygy barada 14-nji fewralda “Nýu Ýork Times” neşriniň çap eden maglumatlaryny ret edip, olaryň “hiç bir fakta esaslanmaýandygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG