Sepleriň elýeterliligi

Kiýew-Aşgabat göni uçar gatnawyny gaýtadan dikeltmek maslahat edildi


“Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýasynyň uçary

Türkmenistanyň we Ukrainanyň prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýan beýleki meseleler bilen bir hatarda, Kiýew bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň ähmiýeti barada maslahat etdiler.

Ukrain prezidentiniň resmi websaýtynda ýaýradylan pres-relizde aýdylmagyna görä, bu barada türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ukrain prezidenti Petro Poroşenko 14-nji fewralda telefon arkaly geçiren gepleşiklerinde nygtadylar.

Bu gepleşigiň başynda Poroşenko Berdimuhamedowy prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen gutlap, taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogy güýçlendirmegiň ýollaryny maslahat etdiler.

“Petro Poroşenko we Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandaky infrastruktura proýektleriniň amala aşyrylyşyna ukrain kompaniýalaryny çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, olar Kiýew bilen Aşgabadyň arasyndaky göni uçar gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň ähmiýetini nygtadylar” diýlip, habarda bellenilýär.

Emma bu pres-relizde Kiýew-Aşgabat göni uçar gatnawyny gaýtadan dikeltmek ugrunda anyk ylalaşyga gelnip-gelinmändigi dogrusynda hiç bir söz aýdylmaýar.

“Aşgabat howa liniýasyndan birtaraplaýyn peýdalanýar”

Ýer gelende ýatlatsak, Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugy Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýasyna 2015-nji ýylyň 16-njy awgustyndan başlap Kiýew-Aşgabat aralygynda uçuşlary amala aşyrmagy gadagan edipdi.

Şonda Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugy türkmen awiakompaniýasynyň Kiýew-Aşgabat howa liniýasyndan birtaraplaýyn tertipde peýdalanyp, ukrain uçarlarynyň Aşgabada gatnawyna rugsat bermeýändigini aýdypdy.

“Türkmen awiakompaniýasynyň Kiýew-Aşgabat howa liniýasyndan birtaraplaýyn tertipde peýdalanmagy Ukrainanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda howa aragatnaşygy barada 1993-nji ýylyň 25-nji fewralynda baglaşylan ylalaşygyň 11-nji maddasynyň 1-nji punktuna ters gelýär” diýlip, agzalýan gullugynyň resmi maglumatynda bellenipdi.

Resmi maglumata görä, 1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollary” häzir ýylda 2 million çemesi ýolagçy gatnadýar. Ýöne bu kärhana ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça pes bahalary alýar.

“Ýolagçylary ortaça 70 minut garaşdyrýar”

2015-nji ýylda “Skytrax” neşri iň erbet diýen bahany alan awiakompaniýalaryň 23-siniň sanawyny çap edipdi. Şol sanawda “Türkmenhowaýollary” iki ýyldyz alyp, dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň hataryna girdi.

“BBC news” agentliginiň Britaniýanyň graždan awiasiýa resmileriniň 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2016-njy ýylyň mart aýyna çenli döwürüne degişli maglumatyny öwrenip, çap eden sanlaryna görä, “Türkmenhowaýollary” uçarlarynyň gijä galmagy boýunça öňe saýlandy.

Şeýle-de, “Türkmenhowaýollary” uçuşlaryny san taýdan iň köp yza tesdiren şirket bolup, öz ýolagçylaryny görkezilen wagtdan ortaça hasap bilen 70 minut artyk garaşdyrypdyr.

Mundan başga, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçy uçary dekabrda Parižde, 213 müň amerikan dollary möçberindäki jerimesini tölemändigi üçin saklandy we bu mesele gijikdirilen tölegler tölenenden soň çözüldi.

Mundan öň, 2016-njy ýylyň sentýabrynda “Türkmenhowaýollary”, howa transport hyzmatlary üçin tölemeli tölegini tölemän, Orsýetiň howa giňişligini ulanmasyz edildi we bu mesele hem berginiň üzülmegi bilen çözüldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG