Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Hazar deňzinde bikanun aw-awlanmagyna garşy göreş maslahat edildi


Hazar deňzi

Hazar deňzi

Aşgabatda Hazarýaka döwletleri deňizde bikanun aw-awlanmagyna garşy göreş boýunça protokolyň taslamasyny ara alyp maslahat etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine görä, 14-nji fewralda Aşgabatda deňizýaka bäş döwletiň ygtyýarly wekilleriniň ikinji maslahatynda taraplar Hazar deňziniň tebigy baýlygyny gorap saklamak we köpeltmek üçin bilelikde köptaraplaýyn çäreleri kabul etmegiň tarapynda çykyş edipdir.

Türkmenistan Hazar deňziniň baýlygyndan tygşytly peýdalanmak ugrunda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygyň tarapynda çykyş edýändigini aýdýar.

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň birinji maslahaty 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirildi.

XS
SM
MD
LG