Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada söweşýän taraplaryň agyr ýaraglary yza çekmek barada ylalaşandygy aýdylýar


Gündogar Ukrainanyň Awdiýiwka şäheri, 4-nji fewral, 2017.

Gündogar Ukrainanyň Awdiýiwka şäheri, 4-nji fewral, 2017.

Halkara araçylary Ukrainada söweşýän taraplaryň Minsk ylalaşygyna laýyklykda 20-nji fewrala çenli söweş liniýasyndan agyr ýaraglary yza çekmek barada ylalaşandygyny aýdýarlar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ukrainadaky krizis boýunça gepleşik alyp baryjy baş wekili Martin Sajdik 15-nji fewralda eden çykyşynda Ukrainanyň, Orsýetiň we orsýetçi separatistleriň özara ylalaşygyna Belarusyň paýtagty Minskde geçirilen gepleşikleriň täze tapgyrynyň yzýany gelendigini aýtdy.

Bu ädim şu aýyň başynda Awdiýiwka şäheriniň daşynda tutaşan zorluk zerarly onlarça adamyň wepat bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

2015-nji ýylda Minskde gelnen ylalaşyga görä söweşýän taraplar agyr ýaragyny yza çekip, söweş liniýasynyň daşynda howpsuz zonany döretmeli. Ylalaşygyň şertleri şu çaka çenli ençeme gezek bozulypdy.

Gündogar Ukrainadaky konflikt zerarly 2014-nji ýyldan bäri azyndan 9750 adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG