Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidentiniň ilkinji resmi sapary bilen Türkmenistana barjagy aýdylýar


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew 2016-njy ýylyň dekabr aýynda döwlet başyna geçeli bäri ilkinji resmi sapary bilen Türkmenistana barar, diýip infoshos.ru we “Nezawisimaýa gazeta” neşirleri habar berýärler.

Maglumatlarda Özbegistanyň prezidentine Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewden çakylygyň gelendigi aýdylýar.

Emma Özbegistanyň döwlet baştutanynyň ilkinji resmi sapary üçin Türkmenistany saýlap almagynyň goňşy ýurduň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji prezidentlik möhletine saýlanmagy, şeýle-de Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman transport koridoryna degişli Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demirýol köprüleriň gurlup ulanyşa berilmegi bilen baglydygyny infoshos.ru neşri ýazýar.

“Nezawisimaýa gazeta” neşri Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýakyn günlerde Türkmenabatda duşuşyp biljekdigini habar berdi.

"Şawkat Mirziýaýew Arkadagy prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňişini gutlamak bilen çäklenmän, Özbegistany Eýran we Oman bilen birleşdirjek strategiki taýdan ähmiýetli türkmen şäherinde Yslam Kerimowyň ýadygärliginiň açylyşyna gatnaşar” diýlip, neşriň 15-nji fewralda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow ýogalanda onuň adynyň Türkmenistanyň çar künjeginde köçelere, seýil baglara dakyljakdygyny aýdypdy.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Yslam Kerimowyň ady dakyljak köçäniň açylmagyna taýýarlyk görülýändigi, merhum özbek prezidentine ýadygärliginiň dikiljek ýeriniň abadanlaşdyrylýandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat beripdi. Emma köçäniň açyljak wagty anyklaşdyrylmandy.

“Nezawisimaýa gazeta” neşri Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Gazagystana sapar bilen barjakdygyny ýazýar.

Geçen ýylyň dekabrynda orsýet mediasy Özbegistanyň täze saýlanan prezidentiniň 2017-nji ýylyň aprel aýynda Orsýete sapar etjekdigini we munuň özbek prezidentiniň ilkinji resmi sapary bolmagyna garaşylýandygyny habar beripdi.

2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda 30 million çemesi ilatly Özbegistanyň prezidenti wezipesine 88,61% ses bilen saýlanan 59 ýaşly Şawkat Mirzýaýew öňki prezident Yslam Kerimowyň syýasy ugruna eýermegi niýet edinýändigini aýtdy.

1989-nji ýylda Özbegistanyň Kommunistik partiýasynyň başlygy bolan Kerimow, 1991-nji ýylda dargan Sowet Soýuzyndan soň prezident bolup, ýurdy ýumruk astynda dolandyran Kerimow 2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda, 78 ýaşynda, beýnisine gan inmeden öldi.

XS
SM
MD
LG