Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow saýlawçylaryň goldawyny 'üstünlikleriň netijesi' hasaplaýar


Merkezi saýlaw toparynyň başlygy G. Berdimuhamedowyň 97,69% ses alandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş edip, 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlarynda özi üçin ses beren saýlawçylara «aýratyn minnetdarlyk» bildirdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow hasabat bilen çykyş edip, ses berişligiň gutarnykly netijelerini yglan etmek bilen, Berdimuhamedowyň 98 prosente golaý ses alandygyny, saýlawlara gatnaşygyň 97 prosentden gowrak bolandygyny ýene bir gezek tassyk etdi.

Döwlet baştutany saýlawlaryň netijeleriniň ozal geçirilen saýlawlarda gazanylan netijelerden has ýokary bolmagyna özüniň guwanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, saýlawlarda bildirilen goldaw «ýurduň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen durnukly ösýändigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny» görkezýär.

Berdimuhamedow sözüniň dowamynda raýatlaryň adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny doly we gyşarnyksyz berjaý etmek, köppartiýalylyk ulgamyny, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, raýat jemgyýetini yzygiderli pugtalandyrmak, metbugatyň netijeli işlemegi we erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek wadalaryny berdi.

Emma mejlisde saýlaw mahalynda ýol berlendigi aýdylan kanun bozmalar agzalmazdan inkär edildi.

G.Myradow: Hiç bir şikaýat bolmady

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow prezidentiň «saýlawlaryň barşynda kemçilikler ýüze çykaryldymy?» diýip beren soragyna «hiç bir şikaýatyň bolmandygyny» aýdyp jogap berdi.

Emma muňa garmazdan, hukuk goraýjy aktiwistleriň saýtlarynda, Azatlyk radiosynyň websaýtynda saýlaw kanunlarynyň bozulýandygy, prezidentlige kandidat Berdimuhamedowyň saýlaw kampaniýasy döwründe raýatlara sowgat paýlaýandygy, oňa beýleki kandidatlara garanda has kän efir goldawynyň berilýändigi aýdyldy.

Azatlyk radiosyna saýlawdan öň gowşan maglumatlarda Aşgabadyň mekdepleriniň birinde okuwçylara Berdimuhamedowyň haýryna býulleten doldurmagyň tabşyrylandygy, ýokary okuw jaýlarynda studentleriniň bir toparynyň iş başyndaky prezidente ses bermäge mejbur edilýändigi habar berildi.

Saýlaw wagtynda bolsa, saýlawçylardan dokument soralmaýandygy, olaryň maşgala agzalary üçin hem ses berip bilýändigi, galyberse, saýlawçylaryň käbirinden goňşulary üçin ses berip-bermejeginiň soralýandygy hakynda habarlar ýaýrady.

Mundanam başga, ses bermäge baranlaryň käbiri ses beren saýlawçylaryň gol çekýän depderçesinde öz atlarynyň gabadyna eýýäm başga birleri tarapyndan gol çekilendigine şaýat bolandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary 12-nji fewralda birnäçe saýlaw uçastogyna baryp, öz bolan ýerlerinde saýlawlara gatnaşygyň pesdigini habar berdiler.

Bu aýdylýan kemçilikler «Türkmenistanyň alternatiw habarlary» proýektiniň Aşgabatdaky we Marydaky çeşmeleriniň beren habarlarynda hem tassyk boldy.

Paýtagtdaky 52-nji saýlaw uçastogynda, №2 Çagalar bagynyň territoriýasynda ses beren saýlawçy ses berenleriň ýazgy depderinde öz adynyň gapdalyna eýýäm biriniň gol çekendigini görüp, «men entäk ses beremok ahyryn, bu ýere kim gol çekdi?» diýip soranda, oňa ýalňyşlyk bolandygyny aýdyp jogap berdiler diýip, TAH ýazýar.

Şeýle-de neşir bäş adamdan ybarat maşgalanyň wekiline, üç çaganyň entek kämillik ýaşyna ýetmändigine garamazdan, 5 býulleteniň berlendigini habar berýär. Maryda bolsa, saýlawçylardan hatda goňşulary üçin hem ses berip-bermejegi soraldy diýip, TAH ýazýar we saýlaw uçastoklaryna baryp, ses beren adamlaryň Maryda hem, Aşgabatda hem juda az bolandygyny belleýär.

Alternatiw kandidatlaryň öňki we soňky goldawy

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasy saýlaw kampaniýasy döwründe raýatlaryň inisiatiwa toparlarynyň öz kandidatlaryny hasaba aldyrmak üçin azyndan 1000 adamyň goluny toplamalydygyny, emma bu gollaryň haçan we nädip ýygnalandygynyň bilinmän galandygyny habar berdi.

«Türkmen inisiatiawsy» toparynyň çap eden synynda soň bu alternatiw kandidatlara ses beren saýlawçylaryň sanynyň şol müň goldawçydan hem az bolup çykýandygy, munuň biraz geň görünýändigi bellendi. Ýöne bu syn çap edilende alternatiw kandidatlaryň alan sesleri barada hiç bir maglumat ýokdy, olar barada diňe Berdimuhamedowa berilmedik ýa-da galan sesler esasynda umumy netijä gelip bolýardy.

Ýöne indi, Gulmyrat Myradowyň 15-nji fewralda, prezidente beren hasabatynda alternatiw kandidatlaryň alan sesleri hem belli edildi. Aýdaly, Maksat Annanepesow 1,02%, Jumanazar Annaýew 0,2%, Bekmyrat Atalyýew 0,36%, Ramazan Durdyýew 0,15%, Meretdurdy Gurbanow 0,17%, Serdar Jelilow 0,25%, Süleýmannepes Nurnepesow 0,09%, Durdygylyç Orazow 0,06% ses aldy.

Resmi maglumatlara görä, Berdimuhamedow saýlawda sesleriň aglaba köplügini (97,69%) alyp, Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlandy.

Ol bu gezek dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistana ýedi ýyl prezident bolar we synçylar geçen ýyl ýurduň Konstitusiýasyna girizilen düzedişleriň Berdimuhamedowyň ömürlik prezidentligine ýol açýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda onuň üçünji möhletiniň ýurtda ykdysady krizisiň barha çuňlaşýan wagtyna gabat gelendigi bellenilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG