Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň permanyna laýyklykda, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, 828 raýatyň günäsi geçildi diýip, türkmen metbugaty 15-nji fewralda habar berdi.

Prezidentiň kararyna görä, günäsi geçilen raýatlar galan tussaglyk möhletinden we goşmaça jeza çärelerini çekmekden boşadylýar. Şonuň bilen bir wagtda, olary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegiň tabşyrylandygy aýdylýar.

"Sahawatly çäre"

Prezident Berdimuhamedow bu «sahawatly çäräniň» ata-babalaryň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, yzygiderli geçirilýändigi barada soňky on ýylda, baýramçylyklara gabatlanyp geçirilýän günä geçişlerde köp aýdan sözlerini gaýtalady.

Ýöne hiç hili aýdyňlyk bolmansoň, bu sahawatly çäräniň halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussaglar, wyždan bendileri diýlip hasapalanylýan raýatlary, şol sanda Azatlyk radiosynyň bikanun tussag edilen habarçylaryny öz içine alyp-almaýandygy, günä geçişiň esasan haýsy jenaýat maddalaryna degişlidigi belli bolman galýar.

Türkmenistan sebitde her ýüz müň ilatyna iň kän tussag düşýän ýurt hasaplanylýar. Muny öňki prezident S.Nyýazow döwründe hyryn-dykyn doldurylan türmeleriň her ýyl 8-9, 10-12 müň adamyň günäsini geçmek bilen gowzadylmagy hem tassyklaýar. Şonuň bilen bir wagtda, synçylar türkmen sudlarynyň garaşsyz däldigini, sud edilýänleriň bolmaly kanuny goragynyň ýapyklyk we korrupsiýa şertlerinde ýoga çykarylýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaý, Azatlyk radiosynyň kanun goraýjylaryň arasyndaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, dowamly günä geçişler esasynda gowzadylýan türmeleriň derrew gaýtadan dolmagyna, adamlaryň barha giň möçberde gorkup we para berip ýaşamaga mejbur edilmegine ýol açýar.

Ikinji tarapdan, türkmen režiminiň tankytçylarynyň pikirlerine görä, raýatlary barha köp türmeden geçirmek praktikasynyň halky gorkuda, tabynlykda we syýasatdan daşda saklamak üçin ýörite gural edilip ulanylýan bolmagy hem mümkin.

Işsizlik we jenaýatçylyk

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda neşekeşlik we neşe söwdasy giň ýaýrady hem-de türmä basylýanlaryň esasy köplügi neşe jenaýatçylygy bilen ilteşikli hasaplanýardy. Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, neşekeşlik we neşe söwdasy garaşsyzlyk ýyllarynda, ozalky iş ýerleriniň ýapylmagy netijesinde, barha köpelen işsizligiň göni netijesi boldy.

Emma türkmen türmeleri diňe işsizlik zerarly ol ýa-da beýleki jenaýata baş goşan pukara adamlaryň däl, eýsem uly döwlet wezipelerinde işlän gurply raýatlaryň, ozalky ministrleriň, wise-premýerleriň, generallaryň we polkownikleriň, häkimleriň we beýlekileriň hasabyna hem dolduryldy.

Soňky wagtlarda bolsa, dindarlaryň,gülençiler diýilýänleriň we aýdymçylaryň, biznesmenleriň hem köpçülikleýin türmä basylýandygy aýdylýar.

Mundanam başga, türmede bolup çykanlaryň gürrüňleri esasynda, türkmen tussaglarynyň saklanyş şertleri, türmelerdäki anti-sanitariýa, açlyk, keselçilik ýagdaýlary, adam gynamalarynyň giň ýaýrandygy barada aýdylýanlar halkara hukuk toparlarynada uly alada döretdi.

Halkara çagyryşlary

Emma Türkmenistan, yzygiderli çagyryşlara garamazdan, öz halkara borçlaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyryp, BMG-niň adam gynamalary boýunça hasabatçysyny, beýleki garaşsyz ekspertleri ýurda goýbermeýär.

Mundanam başga, çagyryşlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri öňki prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synynyşygy diýilýän iş, milli howpsuzlyk ofiserleriniň jenaýat işleribilen bagly onlarça tussagyň saklanylýan ýerleribarada hatda olaryň maşgala agzalaryna hem maglumat bermeýär.

Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow indi on ýyl bäri «eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara» öz günälerini halal zätmet bilen ýuwmak üçin mümkinçilik döredilýändigini gaýtalaýar.

Şonuň bilen bir wagtda, ozalky tussaglaryň işe ýerleşdirilmegi baradaky tabşyrygyň nähili ýerine ýetirilýändigi, ýurtda giň ýaýran işsizlik we parahorluk hadysalarynyň sebäpleri, türmä düşýän adamlaryň näme üçin azalmaýandygy baradaky soraglar welin jogapsyz galýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG