Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ykdysady azatlyk boýunça ‘iň repressiw’ ýurtlaryň biri


“Heritage Foundation” neşiriniň hasabatyndan alnan surat.

“Heritage Foundation” neşiriniň hasabatyndan alnan surat.

Ykdysady azatlyk boýunça täze çap edilen ýyllyk hasabatda Türkmenistan dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň hatarynda ýerleşdirildi. Jemi 180 ýurdy öz içine alýan bu hasabatda Türkmenistan umumy görkezijiler boýunça 170-nji orny eýeledi.

16-njy fewralda köpçülige hödürlenen “Ykdysady azatlyk indeksi 2017” atly hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň hökümetiniň ykdysady pudagy dolandyrmak işlerine ýiti gatnaşmagy hususy sektoryň dinamikasynyň gowşamagyna we uglewodorod däl sektorlarda-da ykdysadyýetiň durgunlaşmagyna getirdi diýilýär.

“Hökümet daşary ýurt inwestisiýalary saýlanan sanlyja partnýora berýär we döwlet tarapyndan gözegçilik edilýän maliýe ulgamynyň çäginde kredit almak mümkinçilikleri çäklendirilýär” diýlip, raportda nygtalýar.

Şeýle-de, “Heritage Foundation” neşiri tarapyndan ýaýradylan raportda muşakgatly we dury bolmadyk düzgünleşdiriş sistemalary, emläk hukugynyň tas doly diýen ýaly ýoklugy, giňden ýaýran korrupsiýa we berk zähmet düzgünleşdiriş normalary hususy sektoryň işini has-da çäklendirýär diýilýär.

“Sudýalar para almaga ilgezek”

Gürrüňi edilýän hasabatyň Türkmenistan bölüminde, aýratynam ýurduň dürli görkezijiler boýunça, şol sanda kanunyň üstünligi kategoriýasynda, sanawyň iň soňlarynda durýandygyny görse bolýar.

Bu kategoriýada Türkmenistanda ýerleriň ählisiniň hökümetiň eýeçiligindedigine we beýleki emläk-eýeçilik hukuklarynyň hem çäklidigine üns çekilip, sud sistemasynyň prezidentiň garamagyndadygy we onuň kanuny derňewsiz, sudýalary wezipä belleýändigi we wezipesinden boşadýandygy aýdylýar.

“Türkmenistanda kanunçylyk ulgamy şertnama we emläk hukuklaryna netijeli gözegçilik edip bilmeýär. Kanunlaryň üstünde gowy işlenilmedik, sudýalaryň taýýarlyk derejesi pes we olar para almaga ilgezek. Korrupsiýa giňden ýaýran we jemgyýetçilik resmileri işe girmek üçin köplenç para bermäge mejbur edilýärler” diýlip, hasabatda nygtalýar.

Üzňelik syýasaty ‘dowam edýär’

Raportda çap edilen dürli görkezijilerden çen tutulsa, prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ykdysady syýasaty bilen deňeşdirilende, belli bir derejede erkindigi aýdylsa-da, hökümetiň umuman üzňelik syýasatyny dowam etdirýändigi mälim edilýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedowyň ýurduň energiýa sektoryna Russiýa, Hytaý we Eýran ýaly käbir daşary ýurt maýadarlary çagyrandygy bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň ykdysadyýetine Russiýada ykdysady ösüşiň haýallamagynyň oňaýsyz täsir ýetirendigi hasabatda nygtalýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation” neşiri tarapyndan her ýyl ýaýradylýan bu hasabatda emläk we zähmetkeşleriň hukugy, biznes, maýa goýumlary, söwda erkinligi we korrupsiýanyň derejesi ýaly ugurlara syn edilýär.

Bu hasabatda dünýäde ykdysadyýeti iň azat bäş ýurduň hatarynda Hong Kong, Singapur, Täze Zelandiýa, Şweýsariýa we Awstraliýa ýerleşdirilipdir. Sanawyň iň soňky orunlaryny Demirgazyk Koreýa, Wenezuela, Kuba, Kongo respublikasy we Eritreýa eýeledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG