Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Rus prowokasiýalary Moskwanyň lapykeçligi bilen bagly


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň ABŞ-nyň gündogar kenarynda içalyçylyk gämilerini gezdirmek ýaly prowokatiw ädimleri ätýän ýaly bolup görünýändigini aýdýar. Sebäbi Moskwa ýakyn geljekde gatnaşyklaryň gowulanmajakdygy barada netijä geldi diýip, Tramp belleýär.

16-njy fewralda geçirilen we uzak wagt dowam eden metbugat konferensiýada ýygy-ýygydan Russiýa barada gürrüň gozgaldy. Bu konferensiýada Tramp Russiýanyň içalyçylyk gämilerini ibermek, ýakynda täze ballistik raketa sistemasyny ýerleşdirmek we geçen hepde Gara deňizde ABŞ-nyň ýumrujy desgasyny bimaza etmek arkaly özüni synap görýändigini pikir etmeýändigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, şol potensial prowokasiýalar rus prezidenti Wladimir Putiniň Trampyň prezidentlik wezipesiniň çäginde Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryň gowulanjakdygy baradaky umytlarynyň amala aşmazlygynyň netijesidir.

“Şol zatlaryň ählisi... örän ýakynda boldy. Sebäbi Putin meniň bilen ylalaşyga gelip bilmejekdigini hasaplaýan bolmagy mümkin. Sebäbi meniň üçin ylalaşyga gelmek syýasy taýdan populýar däl” diýip, Tramp aýtdy.

XS
SM
MD
LG