Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Krymly žurnaliste garşy ýöňkelen aýyplamanyň ýatyrylmagyna çagyrýar


Krymly žurnalist Mykola Semena
Krymly žurnalist Mykola Semena

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Russiýa tarapyndan bellenilen häkimiýetlerden žurnalist Mykola Semena garşy ýöňkelen aýyplamalary ýatyrmaga çagyrdy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Semena Moskwanyň kontrollygyndaky Ukrainanyň Krym regionynda separatizm bilen aýyplanýar.

16-njy fewralda ýaýradylan beýanatda Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň koordinatory Nina Ognianowa “häkimiýetleri tankytlamak jenaýat däl” diýip, Russiýa tarapyndan bellenen häkimiýetleri “Krymda žurnalistlere basyş etmegi bes etmäge” çagyrdy.

Mykola Semenanyň işi bilen baglanyşykly deslapky sud diňlenişigi 17-nji fewralda Simferopolda geçirilýär.

Semena öz blogunda 2014-nji ýylda Moskwanyň Krymy ele salmagyny tankytlaýan makalany ýazansoň, 2016-njy ýylyň bahar paslynda separatizmde aýyplandy. Ol bu aýyplamalary ret edýär.

Semena günäli tapylsa, onda ol bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG