Sepleriň elýeterliligi

Harward Ak tama maslahatçy bolmagy ret etdi


Dynç alyşdaky wise-admiral Robert Harward

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp tarapyndan Ak tamyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy wezipesine saýlanan dynç alyşdaky wise-admiral Robert Harward bu teklibi ret etdi.

Tramp Maýkl Flini (Michael Flynn) Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky ilçisi bilen bolan gatnaşyklary hakda wise-prezident Maýk Pense (Mike Pence) ýeterlik maglumat bermändigi üçin işden boşadansoň, bu wezipe Harwarda teklip edildi.

Häzirki wagtda “Lockheed Martin” kompaniýasynyň dolandyryjysy bolup işleýän Harward, özüne teklip edilen wezipäni kabul etmezliginiň sebäbini maşgala we maliýe ýagdaýlary bilen düşündirdi.

“Bu doly şahsy bir mesele. Men armiýada 40 ýyl zähmet çekenimsoň, indi şahsy wagtymdan lezzet almak üçin özboluşly pozisiýany eýeledim” diýip, Harward 16-njy fewralda “AP” neşirine beren maglumatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG