Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täze ýedi ýyl prezidentlige kasam kabul etdi


Berdimuhamedow prezidentlige kasam kabul etdi, 17-nji fewarl, 2017.
Berdimuhamedow prezidentlige kasam kabul etdi, 17-nji fewarl, 2017.

Anna güni, 17-nji fewralda Aşgabatdaky «Ryhyýet» köşgünde Türkmenistanyň gaýtadan saýlanan prezidentiniň inagurasiýasy bolup, ýurduň awtoritar lideri sag elini Konstitutsiýada goýup, kasam kabul etdi.

Türkmen mediasy bu dabara gatnaşanlaryň arasynda 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlaryna dalaşgär bolan beýleki kandidatlaryň-da, ýurda synçy hökmünde gelen daşary ýurt guramalarynyň wekilleriniň-de bardygyny habar berýär.

Merkezi saýlaw toparynyň yglan eden resmi netijelerine görä, prezident saýlawyna saýlawçylaryň 97 prosentden gowragy gatnaşdy we 59 ýaşyndaky G.Berdimuhamedow ses berenleriň 97.69 prosentiniň goldawyny aldy.

Emma Azatlyk radiosynyň ýurtiçindäki habarçylary paýtagtdaky saýlaw uçastoklarynyň birnäçesinde bolup, ses bermäge gelenleriň beýle köplük bolmandygyny habar berdiler.

Mundanam başga, sosial ulgamlarda, türkmen aktiwistleriniň saýtlarynda saýlaw kampaniýasy döwründe ýol berlen kemçilikler, iş başyndaky prezidentiň şahsyýetiniň döwlet telewideniýesinde öňkülere garanda hem köp götergilenýändigi, alternatiw kandidatlaryň saýlawçylar bilen duşuşyklaryna bolsa az orun berilýändigi, Berdimuhamedowyň saýlaw güni kesgitlenenden soň raýatlara sowgat paýlamagynyň saýlaw kanunlaryny bozmak bolýandygy aýdyldy.

Şeýle-de, «Türkmenistanyň alternatiw habarlary» guramasy, Aşgabatdaky we Marydaky çeşmelerine salgylanyp, saýlaw wagtynda ses berýänlerden dokument soralmandygyny, olaryň isledikleriçe býulleten atmagyna ýol berlendigini habar berdi.

Emma merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow hökümet maslahatynda hasabat berip,düzgün bozmalar we kemçilikler hakynda özlerine hiç bir şikaýatyň edilmändigini aýtdy.

GDA-nyň, ŞHG-nyň we YHG-nyň gözegçiler missiýalarynyň ýolbaşçylary bolsa saýlawlaryň kadaly geçendigini tassyk etdiler. ÝHHG-nyň missiýasy saýlawlara entek öz bahasyny bermedi.

Türkmen mediasy saýlanan prezidentiň inagurasiýa mahalynda saýlawlarda bäsleşen «garşydaşlary» bilen salamlaşandygyny aýdyp, saýlawa 9 kandidatyň gatnaşmagynyň «ýurtdaky demokratiýanyň dolanuwsyzlygyna aýdyň subutnama bolandygyny» belledi.

MST-nyň başlygy Myradow inagurasiýa dabarasynda çykyş edip, saýlawyň «hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik esasda, has takygy, ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy, gizlin ses bermek hem-de raýatlaryň erkin erk-islegini beýan etmek, bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirilendigini» aýtdy.

Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri diýip görkezilýär, bu ýurtda garaşsyz metbugatyň, garaşsyz syýasy partiýalaryň we hukuk goraýjy toparlaryň döredilmegine ýol berilmeýär we prezident Berdimuhamedow jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudagyna berk kontrollyk etmekde tankytlanýar.

Türkmenistanyň prezident saýlawlary barada iňlis dilinde çap edilen habarlaryň köpüsinde Berdimuhamedowyň alan 98 prosente golaý sesi, saýlawlara gatnaşygyň 97 prosentden gowrak bolandygy ynamsyz garşylandy.

12-nji fewraldan bäri türkmen lideriniň ýeňşini esasan öňki sowet respublikalarynyň ýolbaşçylary, Türkiýäniň, Hytaýyň we käbir musulman ýurtlarynyň liderleri gutlady. Inagurasiýa dabarasyna bolsa, ol ýa-da beýleki daşary ýurt lideriniň gatnaşandygy aýdylmaýar.

Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan giňden ykrar edilen azat we adalatly saýlawlar geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG