Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel: NATO toprak bitewüligini goramaly


Angela Merkel
Angela Merkel

Kansler Angela Merkel günbatar döwletleri toprak bitewüligi prinsipini goramaly diýdi we NATO-nyň, Orsýet Ukraina meselesine gatyşandan soň, öz gündogar çäklerini berkitmeginiň zerurdygyny belledi.

Merkel 18-nji fewralda, Mýunhen howpsuzlyk maslahatynda çykyş edip, territorial bitewüligiň Ikinji Jahan urşundan soňky düzgüni saklamak üçin aýgytlaýjy esas bolup durýandygyny aýtdy.

Ol gündogar Ukrainadaky ýagdaýyň «uly howsala» döredendigini aýtdy. Ol ýerde Moskwa Krymy ele geçireli bäri, Orsýetiň goldaýan separatistleri bilen Ukrainanyň hökümet goşunlarynyň arasynda indi üç ýyla golaý uruş barýar.

Orsýetiň bu ýerdäki hereketleri NATO-nyň ähmiýetine «ünsi çekdi» diýip, Merkel aýtdy we onuň gündogar çäklerini berkitmeginiň zerurdygyny nygtady.

Merkel gündogar Ukrainadaky konflikte syýasy çözgüt tapmak synanyşygyna ygrarlydygyny we 2015-nji ýyldaky Minsk ylalaşygyny goldaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol NATO agzalarynyň hersiniň goranyş üçin jemi içerki önümiň 2 prosentini harçlamalydygy baradaky maksada ygrarlydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG