Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýaşululary parlamentiň ýokarsyna çykarjagyny aýdýar


Ýaşulular maslahatynyň agzalary
Ýaşulular maslahatynyň agzalary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ýaşulular maslahatynyň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, ýagny ony hökümetden we parlamentden hem ýokarda goýmagy nazarda tutýar.

Döwlet baştutany bu niýetini 17-nji fewralda, Aşgabatdaky «Ruhyýet» köşgünde sözlän inagurasiýa sözünde mälim etdi.

Prezidentiň sözlerine görä, şu ýyl Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulular maslahatynda Maslahat hakyndaky düzgünnama «ýaşulular maslahatynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak barada giriziljek düzedişlere» serediler.

Bu diýilýän düzedişleriň Mejlisiň garamagyna hem «hökman hödürlenjekdigi», ýagny parlamentiň öz çykaran kanunlaryny prezidentden başga-da tassyklaýan gurama döretmegi makullamaly boljakdygy ýaňzydylýar.

Berdimuhamedow inagurasiýa sözünde il-ýurt bähbitli meseleleri ýaşulular bilen maslahatlaşmagyň «gadymdan gelýän demokratik däpdigi» barada garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri köp aýdylan sözleri gaýtalady.

Şu däp esasynda-da prezident «geljekde içeri we daşary syýasata degişli Türkmenistanyň Mejlisi ýa-da Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýän islendik möhüm çözgüdiň Ýaşulular maslahatynyň makullan ýagdaýynda güýje girmegini» göz öňünde tutýar.

S.Nyýazowyň ýatyrylan "Halk maslahaty" dikelýärmi?

Şuňa meňzeş institut, Halk maslahaty ady bilen, öňki prezident S.Nyýazow döwründe hem bolupdy we olam ilki öz gözbaşyny demokratik esaslarda saýlanmadyk, häkimiýetler tarapyndan şahsy wepalylyk esasynda seçilip alynýan Ýaşulular maslahatyndan alyp gaýdypdy.

Geljekde içeri we daşary syýasata degişli Türkmenistanyň Mejlisi ýa-da Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýän islendik möhüm çözgüdiň Ýaşulular maslahatynyň makullan ýagdaýynda güýje girmegini göz öňünde tutýaryn.
G.Berdimuhamedow

Soňy bilen bu "maslahat" iň ýokary kanun çykaryjy gurama aýlandy we S.Nyýazowyň şahsyýet kultunyň ornaşdyrylmagynda uly rol oýnady.

Aýdaly, 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde ömürlik tussaglyk barada madda ýokdy. Emma Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda, 2003-nji ýylyň 5-nji fewralynda Halk maslahaty “Döwlete dönüklik” barada, 25-nji noýabr wakalaryna gatnaşanlary “dönükler” diýip atlandyrmak hem olary ömürlik tussag etmek barada karar çykardy.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow garaşsyzlygyň başky ýyllarynda öz pikirlerini açyk aýdýan halk deputatlarynyň köpelmeginden çekinip, ýaşulular bilen maslahatlaşmak «däbini» öz bikanun işlerini kanunlaşdyrmagyň guralyna öwürdi.

Emma 2006-njy ýylyň dekabrynda Nyýazowyň ýogalmagy, Berdimuhamedowyň häkimiýete gelmegi bilen, Halk maslahaty Nyýazow döwründäki güýjünden mahrum edildi. Bu täzelik ýurduň biraz liberallaşdyrylmagyna, kanunçylyk ýoluna düşmegine umyt döretdi.

"Ýöne Berdimuhamedow ýaşululary syýasatda ulanmakdan doly ýüz öwürmedi we öz üçünji möhletinde olary kanundan hem ýokary çykarjaga, olary özüne galkan edinjege meňzeýär" diýip, howpsuzlyk aladalary zerarly adynyň agzalmazlygyny soran ýerli synçy aýtdy.

Türkmen režiminiň tankytçylary döwlet syýasatynda ýaşululary ol ýa-da beýleki kararyň makullanmagy ýa kabul edilmegi üçin ulanmagyň hakykatda gözboýagçylykdan başga zat däldigini aýdýarlar.

"Mysal üçin, energiýa nyrhlarynyň arzanlamagy bilen döwlet ykdysady kynçylyk çekýär, gaznada pul az" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýazyjy aýdýar. "Onsoň hökümet öz islän zadyny ýaşululara aýtdyrýar."

Ýatladýarys, Ýaşulular maslahatynyň soňky mejlislerinde ilata berilýän ýeňillikli ýa mugt hyzmatlardan el çekilmegi barada edilen çagyryşa olaryň arasynda garşylyk bildiren ýaşuly tapylmandy.

XS
SM
MD
LG