Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Türkmen migranty näme sebäpden öldürildi?


Stambul, türkmen wekilhanasynyň ýerleşýän köçesi.
Stambul, türkmen wekilhanasynyň ýerleşýän köçesi.

Türkiýede işleýän türkmen zähmet migrantlarynyň aglaba köpçüliginiň zenanlardan ybaratdygy aýdylýar. Şol bir wagtda olaryň köpüsiniň wizasyz, bikanun ýagdaýda işlemeli bolýandyklary we dürli kynçylyklara düşýändikleri eşidilýär.

Soňky wagtlarda türkmen zenan zähmet migrantlary bilen baglanşykly jenaýat habarlary türk metbugatynda yzgiderli orun almaga başlady. Birnäçe gün mundan owal hem sosýal ulgamlarda damagy çalnan türkmenistanly zenanyň suratlary ýaýradyldy.

Bu habara Azatlyk Radiosynyň okyýjylar hem diňleýjiler köpçüligi uly seslenme bildirdi.

“Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň bu sanynda Türkiýedäki migrant zenanlaryň hak-hukuklary barasynda tagalla edýän türkmenistanly aktiwist Arzuw bilen graždan aktiwisti Rozybaý türkmen migrantlarynyň durmuşlary barasyndaky pikir- tejribelerini paýlaşýar.

Gepleşigi diňläp, aşakdaky foruma bu tema barasyndaky maglumatlaryňyzy we piker-raýyşlaryňyzy teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.

Stambul: Türkmen migranty näme sebäpden öldürildi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG