Sepleriň elýeterliligi

Tramp Floridada sözlän sözünde metbugata hüjümini gaýtalady


Prezident Tramp Melbourn şäherinde, uçar angarynda çykyp gürledi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Floridada, öz sözleri bilen aýdanyňda «kampaniýa» ýygnanyşygyny geçirende, media edýän hüjümini gaýtalady we «gelýän birki günde» täze milli howpsuzlyk geňeşçisi hakynda karara geljekdigini aýtdy.

Şeýle-de Tramp 18-nji fewralda sözlän sözünde özüniň Siriýada we başga ýerlerde bosgunlar üçin howpsuz zona döredilmegini isleýändigi, olaryň harajadyny Pars aýlagyndaky arap ýurtlarynyň çekmelidigi barada ozal aýdan sözlerini gaýtalady.

Prezident Floridanyň Melbourn şäherinde, uçar angarynda çykyp gürlände geçen ýyldaky prezident kampaniýasy mahalynda gozgan temalarynyň bir toparyna degip geçdi.

Onuň iň bir hyjuwly temasy media hüjüm etmek bolup çykdy.

Tramp özüni gygyryp goldaýan tarapdarlaryna ýüzlenip, özüniň olar bilen «galp habarlaryň» filtri, elegi bolmazdan gürleşmek isleýändigini aýtdy.

Ol «ýalançy mediany» öz adminstrasiýasy barada bir galp habaryň yzyndan başga bir galp habar çap etmekde aýyplady.

Ol metbugat guramasy adamlaryň öňünde ýalan sözlese, özüniň «olara hiç haçan munuň bilen sag aman gutulmaga ýol bermejekdigini» aýtdy.

Tramp aýratyn syýasat meseleleri barada durup geçip, «gelýän birki günde» täze milli howpsuzlyk geňeşçisi barada karara geljekdigini, ertir söhbetdeş boljak bir kandidatyna göwnüniň gidýändigini aýtdy.

Ak tamyň sözçüsi Şon Spaýser biraz öň Trampyň hepde ahyrynda Florida saparynda söhbetdeş boljak adamlarynyň adyny aýtdy. Olar - dynç alşa çykan goşun generaly Keith Kellogg; ABŞ-nyň BMG-däki ozalky ilçisi Jon Bolton;goşunyň general-leýtenanty H.R. McMaster; şeýle-de ABŞ-nyň West Pointdäki Harby akademiýasynyňýolbaşçysy, general-leýtenant Robert Caslen dagy.

Ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkl Flin 13-nji fewralda, Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi bilen Trampyň geçiş döwründe sanksiýalar barada eden gürrüňi hakynda wise-prezident Maýk Pense nädogry maglumat berendigi belli bolansoň, işden çekilmäge mejbur edildi.

Tramp Siriýa barada eden gürrüňinde ýörite döredilen zonalaryň bosgunlaryň bu sebitde sag-aman galmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Ol munuň mümkin bolan terrorçylary Birleşen Ştatlardan daşarda saklajakdygyny aýtdy.

"Biz öz ýurdumyz üçin beýik boljak adamlary isleýäris, biz erbet-erbet pikirli adamlary islemeýäris» diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG