Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk premýeri Germaniýada syýasy reformalary goraýar


Binali Ýildirim
Binali Ýildirim

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim prezident Rejep Taýyp Erdogana artdyrylan ygtyýarlary bermek baradaky mümkin reformalaryň diktatura alyp geljekdigini ret etdi.

18-nji fewralda Germaniýa sapary mahalynda, 10 000 çemesi türküň öňünde çykyp gürlän Ýildirim bu üýtgeşiklikleriň hökümete durnuklylyk getirjekdigini aýtdy.

"Olar bir adamly sistema gelýär diýýärler" diýip, Ýildirim Oberhausendäki ýygnanyşykda aýtdy. "Näme, Germaniýada iki kansler barmy? Prezident sistemasynda, elbetde, diňe bir prezident bar. Gäminiň iki kapitany bolup bilmez" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkiýe 16-njy aprelde prezidentlik sistemasyna geçmek barada referendum geçirmegi belledi, tankytçylar munuň saklawlary we deňagramlylyklary, parlamentiň roluny gowşatjakdygyny, sudlaryň garaşsyzlygyna zyýan ýetirjekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG