Sepleriň elýeterliligi

Ýüzlerçe belarus "sosial parazitizm" kanunyna protest bildirdi


Gomel protestçileri

Gomel protestçileri

Belarusyň Gomel şäherinde ýüzlerçe protestçi ýörişe çykyp, «sosial parazitizm» kanunyna garşylyk bildirdi.

19-njy fewraldaky proteste dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdy we şäher häkimiýetleri tarapyndan öňünden tassyklanmandygyna garamazdan, onda hiç bir hadysa bolmady.

17-nji fewralda paýtagt Minskde 2 müň çemesi adam protest bildirdi. Olaryň köpüsi awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenka gönükdirilen şygarlary göterdiler.

Lukaşenkonyň «sosial parazitizme» garşy göreş hökmünde häsiýetlendirýän kanuny ýylyň dowamynda 183 günden az işlän adamlary 200 dollar çemesi salgyt tölemäge borçly edýär.

Bu kanuna garşy petisiýa 60 müňden gowrak adam gol çekdi. Bu kanun hasaba alnan iş gözleýjileri, öý hojalykçylary, daýhanlary we Orsýetde işleýänleri öz içine almaýar.

XS
SM
MD
LG