Sepleriň elýeterliligi

Maýk Pens Dakau konsentrasiýa lagerine aýlandy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edýär.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens aýaly we gyzy bilen Mýunheniň eteginde, nasistler zamanyndaky Dakau konsentrasiýa lagerine sapar etdi.

Pens bu ýere 19-njy fewralda, tussaglykdan aman galan Abba Naor we beýleki at-abraýly adamlaryň ugratmagyna bardy.

Ol bendileriň saklanan baraklaryna aýlanmazyndan we lageriň içindäki jeset ýakylýan peçleri görmezinden öň lageriň merkezindäki ýadygärlige gül çemenini goýdy.

Dakau lageri Adolf Hitleriň hökümeti tarapyndan 1933-nji ýylda döredildi.

Bu ýerde tutuş Ýewropadan 200 müňden gowrak adam saklandy we olaryň 40 müňüsi şol ýerde öldi.

Lagerdäki bendiler 1945-nji ýylda, ABŞ goşunlary tarapyndan azat edildi.

XS
SM
MD
LG