Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada gar sili adam heläkçiligine sebäp boldy


Gar sili Täjigistanda ençeme ýoly böwetledi.

Gar sili Täjigistanda ençeme ýoly böwetledi.

Turuş Merkezi Aziýa regionynda emele gelen gar silleri zerarly soňky günlerde ençeme adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Täjigistanda ýol gurluşyk işlerini alyp barýan innowasion ýol gurluşyklar boýunça kompaniýasynyň metbugat-wekili Daler Abdulloew öz işçileriniň üçüsiniň 19-njy fewralda gar sili zerarly heläk bolandygyny Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Iki adam ýitirim bolupdyr we ýurduň ençeme ýoly gar silleri sebäpli ýapylypdyr.

Goňşy Gyrgyzystanda Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň metbugat gullugy 19-njy fewralda bolan aýra-başga hadysalarda iki çaganyň we bir aýal maşgalanyň gar silinde wepat bolandygyny Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Azyndan 10 adam keselhana düşüpdir, käbirleri agyr ýagdaýda.

17-nji fewralda Gazagystanyň günorta Žambyl regionynda gar sili ýedi harby gullukçynyň ölümine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG