Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Yraga sapar edýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (ortada) Yragyň paýtagty Bagdada bardy, 20-nji fewral, 2017.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (ortada) Yragyň paýtagty Bagdada bardy, 20-nji fewral, 2017.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis öňünden yglan edilmedik sapary bilen Bagdada bardy. Bu saparyň “Yslam döwleti” (YD) atly söweşiji topara garşy söweşe gönükdirilýändigi aýdylýar.

Mattisiň 20-nji fewralda eden bu sapary Yragyň premýer-ministr Haidar al-Abadiniň YD toparynyň galasy hasaplanýan Mosul şäheriniň günbatar tarapynda harby çäreleriň täze tapgyryny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Mattisiň Bagdatda eden ilkinji çykyşy prezident Trampyň ABŞ-nyň harby ýardamy üçin “Yrakdan nebit almak” barada eden çykyşyndan soň Yragyň liderlerini köşeşdirmek maksadyna gönükdirildi.

Mattis Yraga baran badyna ABŞ-nyň “kimdir biriniň nebitini almak üçin Yrakda bolmandygyny aýtdy”.

ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň Yraga eden bu sapary ýurduň hökümetiniň Mosulyň günbatar bölegini ele salmak boýunça edýän basyşynyň ikinji gününe gabat geldi.

ABŞ-nyň howa hüjümlerine daýanýan yrak goşuny Mosul şäherini YD toparynyň söweşijileriniň elinden basyp almak boýunça dört aýlap söweşdi.

XS
SM
MD
LG