Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan indiki ýedi ýyl üçin daşary syýasatyny kesgitledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistan öz daşary syýasatynyň ugurlaryny kesgitledi.

Üçünji prezidentlik möhletine saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda tassyklan we indiki ýedi ýyla niýetlenýän daşary syýasy konsepsiýasynyň Türkmenistanyň halkara sahnasyndaky roluny we ähmiýetini artdyrmak maksadyna gönükdirilýändigini milli media habar berdi.

Resmi maglumatlara görä, 2017- 2023-nji ýyllarynyň aralygynda Türkmenistan öz daşary syýasatynda halkara we regional derejesinde howpsuzlyk meselelerini ileri tutar.

Şeýle-de Türkmenistanyň kesgitlän esasy daşary syýasy ugurlarynyň arasynda, hususan-da, ýurduň BMG bilen giň derejeli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi, ÝHHG, GDA we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramalary bilen hyzmatdaşlyk, “ekologiýa we suw diplomatiýasyny” dowam etdirmek, Owganystan, Orsýet, postsowet ýurtlarynyň birnäçesi, şol sanda Ukraina, Hytaý, Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegi agzaldy.

12-nji fewralda tas 98% ses bilen indiki ýedi ýyla prezident saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana 2007-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG