Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň başlygy Berdimuhamedowy gutlan ýeke-täk günbatarly resmi boldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen mediasy daşary ýurtly syýasatçylaryň G. Berdimuhamedowy ýurduň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýandygyny habar berip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Lamberto Zanieriň hat ýollandygyny habar berdi.

“Mümkinçilikden peýdalanyp, Size ÝHHG-niň we uzak ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada biziň möhüm partnýorymyz bolan Türkmenistanyň arasynda giň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin minnetdarlyk bildirýärin” diýlip, türkmen metbugatynda ÝHHG-niň resmisiniň hatynyň mazmuny mälim edildi.

ÝHHG-niň baş sekretary Lamberto Zanier Türkmenistana on ýyl bäri ýolbaşçylyk edip, ýaňy-ýakynda üçünji gezek gaýtadan prezident saýlanan G. Berdimuhamedowy gutlan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk Günbatar resmisi boldy.

Lamberto Zannier
Lamberto Zannier

12-nji fewralda sesleriň tas 98% bilen saýlanan we ýedi ýyllyk möhlet bilen Türkmenistanyň prezidenti wezipesine geçen Gurbanguly Berdimuhamedowy diňe GDA guramasy boýunça kärdeşleri we käbir Aziýa ýurtlarynyň liderleri gutlapdy.

ÝHHG-niň baş sekretarynyň edarasynda Lamberto Zanieriň Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýollandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna tassykladylar, emma resmi türkmen metbugatynda çap edilen hatyň mazmunynyň näderejede takykdygyny entek tassyklamadylar.

Türkmen döwlet mediasynyň habar bermegine görä, türkmen lideriniň ýeňşini gutlan döwlet baştutanlary goňşy ýurtlarynyň we post-sowet respublikalarynyň döwlet baştutanlary, şol sanda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin we beýlekiler.

Ýatladyp geçsek, 10-njy fewralda hukuk goraýjy toparlar türkmen saýlawlary barada beýanat çap edip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gödek basgylanýandygy üçin, dünýä liderlerini prezident Berdimuhamedowyň ýeňşini gutlamazlyga, saýlawlaryň resmi netijelerini ykrar etmezlige çagyrypdylar.

“Biz bu saýlawlary hiç bir jähtden ynsaply, aç-açan, adalatly we onuň halkara standartlaryna, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-nyň çarçuwalyndaky borçnamalara laýyk gelýär diýip bolmajakdygyna ynanýarys” diýip, hukuk goraýjy toparlaryň beýanatynda aýdylýar.

Muňa garamazdan, GDA-nyň, ŞHG-nyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary prezident saýlawlarynda onuň kanunylygyna täsir ýetirjek bidüzgünçilik görmändiklerini aýdýarlar.

Emma ÝHHG-nyň Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlaryna ýollan saýlawlara gözegçilik boýunça missiýasy entek bu saýlaw baradaky pikirlerini aýtmadylar.

XS
SM
MD
LG