Sepleriň elýeterliligi

Serbiýanyň milletçi prezidenti saýlawlarda wezipä gaýtadan dalaş etmejegini aýtdy


Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç

Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç

Serbiýanyň milletçi prezidenti Tomislaw Nikoliç ýurduň ýetip gelýän prezidentlik saýlawlarynda wezipä gaýtadan dalaş etmejegini we premýer-ministr Aleksandr Wuçiçiň kandidaturasyny goldajakdygyny aýtdy.

“Biz ýurdy bilelikde dolandyrmagy dowam etdirmekbarada ylalaşdyk” diýip Nikoliç 20-nji fewralda Wuçiç bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany ýerli media serişdelerine aýtdy we “biz wezipe-borçlary saýlawlarda ýeňiş gazananymyzdan soň maslahat ederis” diýdi.

Ýewropa bilen integrasiýanyň tarapynda çykyş edýän “Progressiwe Partiýasy” 17-nji fewralda Wuçiçi aprelde geçiriljek saýlawlarda öz dalaşgäri hökmünde öňe sürdi.

Nikoliç we Wuçiç özara gepleşikleriniň yzýany ýaýradan bilelikde beýannamasynda regional problemalary çözmek we krizisleriň öňüni almak üçin “bütewüligiň” zerurlygyny nygtadylar.

XS
SM
MD
LG