Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin aradan çykdy


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin Nýu Ýorkda aradan çykdy, diýip Orsýetiň Daşary işler ministrligi 20-nji fewralda habar berdi.

Beýannamada Çurkiniň ýogalmagynyň sebäpleri mälim edilmedi, diňe garyndaşlaryna gynanç bildirildi we diplomatyň öz 65 ýaş toýunyň öňüsyrasynda “garaşylmadyk” ýagdaýda aradan çykandygy aýdyldy.

2008-njy ýylda Orsýetiň BMG-däki ilçisi wezipesine bellenmeginden ozal Witaliý Çurkin Kanadada, Belgiýada we NATO-da ilçi boldy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Witaliý Çurkiniň maşgalasyna gynanç bildirdi.

XS
SM
MD
LG