Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Orsýete sapar etjekdigi habar berilýär


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Aşgabat, 27-nji ýanwar, 2016.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Aşgabat, 27-nji ýanwar, 2016.

Türkmenistanyň daşary işler ministri 21-nji fewralda Moskwa sapar eder, diýip Orsýetiň TASS agentligi diplomatik çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Maglumata görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komissiýasynyň maslahatyna gatnaşar. “Şeýle-de Orsýet Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklara garaşylýar” diýip TASS öz çeşmesini sitirleýär.

Reşit Meredowyň Türkmenistanda täze prezidentiň saýlanmagyndan soň Orsýete sapar edýän ýurduň ilkinji ýokary derejeli wekilidigi bellenýär.

XS
SM
MD
LG