Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sportsmenleri halkara ýaryşlarynda üstünlik görkezýärler


Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleri
Türkmenistanda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleri

Türkmenistan hokkeý ýaryşynda Malaýziýanyň komandasyny 9:2 hasap bilen ýeňdi diýip, türkmen mediasy 18-nji fewralda habar berdi.

Maglumata görä, türkmenistanly sportsmenler Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde açylan gyşky VIII Aziýa oýunlarynda hokkeý boýunça ýaryşa ilkinji gezek gatnaşyp, oýnuň ikinji minudynda hasaby açyp, birinji tapgyry 5:0 hasap bilen jemläpdir.

Oýnuň ikinji tapgyryny 9:1 hasap bilen tamamlan Türkmenistanyň komandasynyň gazanan ýeňişi ýurduň hokkeý boýunça resmi halkara ýaryşlary bilen bagly taryhyndaky ilkinji üstünligi boldy.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Ýaponiýada geçýän gyşky VIII Aziýa oýunlarynda ýurduň hokkeý boýunça komandasy ikinji diwizionda “B” toparynda Malaýziýa, Makao we Indoneziýa bilen bilelikde çykyş etdi.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça sportsmenleri 21-nji fewralda Makaonyň komandasy bilen duşuşarlar.

Türkmenistanly sportsmenleriň hokkeýde gazanan bu ýeňşi soňky günlerde halkara ýaryşlaryndaky nobatdaky üstünligi boldy.

Türkmenistanly sportsmenleriniň Taýlanda 44 medal, şol sanda 11 altyn medal gazanandygyny türkmen metbugaty 19-njy fewralda habar berdi.

Resmi maglumata görä, türkmen sportsmenleri bu üstünligi Taýlandyň paýtagtynda jiu-jitsu göreşi boýunça ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçirilen “Grand Slam” halkara ýaryşynda hem-de dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda gazanypdyr.

Şeýle-de türkmenistanly sportsmenleriň 18 kümüş we 15 bürünç medala eýe bolandygyny we umumy toparlaýyn çykyşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ikinji orna çykandygyny döwlet mediasy habar berdi we Taýlandda geçirilen ýaryşlaryň Türkmenistanda şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek V Aziýa oýunlary boýunça taýýarlygyň möhüm tapgyry bolandygy bellendi.

Ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň bäşinji Aziýa oýunlary 17-nji we 27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

XS
SM
MD
LG