Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň prezidenti öz aýalyny birinji wise-prezident wezipesine belledi


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we onuň aýaly Mehriban Aliýewa, Germaniýa, 16-njy fewral, 2017.
Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we onuň aýaly Mehriban Aliýewa, Germaniýa, 16-njy fewral, 2017.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew öz aýaly Mehriban Aliýewany ýurduň birinji wise-prezidenti wezipesine belledi.

Aliýewiň bu karary prezidentiň resmi websaýtynda 21-nji fewralda çap edildi.

Ilham Aliýew 2003-nji ýylda öz kakasy Heýdar Aliýewiň näsaglamagynyň we yzýany aradan çykmagynyň netijesinde döwlet başyna geçipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we Günbatar döwletleriniň hökümetleri Azerbaýjanyň prezidentini oppozision syýasatçylary, adam hukuklaryny goraýjylary we žurnalistleri yzarlamakda aýyplaýarlar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hadija Ismaýilowa prezident Aliýewiň we onuň garyndaşlarynyň korrupsiýa bilen güman edilýän ilteşigi barada taýýarlan maglumatlary sebäpli 2015-2016-njy ýyllarda maliýe jenaýatçylyklarda aýyplanyp tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG