Sepleriň elýeterliligi

Jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň jerimesi bäş esse artdy


Köçede çilim çekýän adam

Köçede çilim çekýän adam

Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekýän adamlara salynýan jerimäniň möçberi tas bäş esse ýokarlandyryldy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň polisiýa ofiserlerine we çilimkeşlere salgylanyp aýtmagyna görä, şu ýylyň 20-nji fewralyndan başlap, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekýän adamlara 300 manat möçberinde jerime salynýar. Mundan öň bu jerimäniň möçberi 60-75 manat aralygyndady.

Käbir aşgabatly çilimkeşler jerimäniň artdyrylandygyny özleriniň bu düzgüni bozup, polisiýa merkezine alnyp gidilende bilip galýandygyny aýdýarlar.

“Bu barada düzgün bozup, polisiýa otagyna alnyp gidileniňde bilip galýarsyň. Onda-da saňa bu baradaky ýazmaça karar görkezilmeýär. Polisiýa işgäri ‘ine, sen 300 manat möçberindäki jerimäni tölemeli’ diýýär” diýip, 37 ýaşyndaky aşgabatly çilimkeş Resul (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekýänlere salynýan jerimäniň mukdarynyň artdyrylandygy barada halk köpçüligine ne metbugatda, ne-de radio-telewideniýede maglumat ýa-da bildiriş berildi.

Jemgyýetçilik ýerleri “aýdyňlaşdyrylmaýar”

“Ulurak ýerlerde, ýagny halkara aeroportunyň, medeni-seýil baglaryň, okuw jaýlarynyň ýa-da käbir restoranlaryň golaý-goltumynda çilim çekmekligiň gadagandygyny görkezýän şertli belgi oturdylýar. Ýöne şol düzgüni bozup, çilim çekenlere näçe mukdarda jerime salynýandygy hakda hiç bir ýerde duýduryş ýa-da maglumat berilmeýär” diýip, Resul aýdýar.

Galyberse-de, ol Türkmenistanyň Administratiw düzgün bozmalar hakyndaky kanunynda jemgyýetçilik ýerlerine anyk haýsy ýerleriň degişlidiginiň aýdyňlaşdyrylmaýandygy sebäpli, köçe-ýol hereketi gullugynyň we polisiýanyň işgärleri şäheriň islendik ýerinde çilim çekýän adamlara “özüçe” jerime salýarlar diýýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda çilime garşy döwlet derejesinde alnyp barylýan göreş soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda has-da güýçlendirilip, onuň satuwyna we söwdasyna ençeme çäklendirme girizildi.

Şeýle çäklendirmeleriň iň soňkusy Türkmenistanda 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda güýje girizilip, 11-nji fewralda irden paýtagtda döwlet dükanlaryndaky çilim söwdasy doly ýatyryldy we çilim satyn almak üçin adatdakysy ýaly nobata duran adamlar polisiýa tarapyndan dargadyldy.

Çilim gytçylygy

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda çilim gytçylygy indi bir ýyldan gowrak dowam edýär. 2016-njy ýylyň başynda hususy eýeçilikdäki dükanlarda we söwda nokatlarynda çilimiň satuwy doly gadagan edildi.

Şol ýylyň mart aýynda bolsa, prezident G. Berdimuhamedowyň gol çeken karary esasynda ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlyklary diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Mundan soň, ýurtda çilimiň satuwy belli bir derejede amala aşyrylsa-da, iýul aýyndan tä oktýabr aýynyň başyna çenli çilim ýene dükan tekjelerinden ýitirim boldy. Geçen ýylyň oktýabr aýynyň başynda çilimiň gaýtadan satuwa çykarylmagy bilen, döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň ýüzlerçesiniň uly nobaty emele geldi.

Emma munuň bilen birlikde, çilimiň aýal maşgalalara satylmagynyň gadagan edilmegi, çilim satyn almak isleýän adamlaryň öz pasportlaryny görkezmelidigi barada hem dürli çäklendirmeler girizildi. Şeýle-de, çilimiň satuwy diňe 1 sagada çäklendirilip, her bir raýata günde diňe bir guty çilim satyn almaga rugsat berildi.

Häzirki wagtda, çilim döwlet dükanlarynda diňe wagtal-wagtal satylsa, hususy eýeçilikdäki dükanlarda çilimiň söwdasy dowam edýär.

Ýerli synçylaryň käbirleri hususy dükanlarda çilimiň söwdasyna garşy döwlet tarapyndan girizilen gadagançylyga garamazdan, çilimiň satuwynyň aç-açan amala aşyrylýandygyny, olara garşy haýsydyr bir çäräniň görülmeýändigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri ýurtdaky çilim gytçylygy we onuň sebäpleri barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG